Ï Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekili ýaş alymlaryň XII Bütinrussiýa gurultaýyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekili ýaş alymlaryň XII Bütinrussiýa gurultaýyna gatnaşdy

view-icon 1623
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekili ýaş alymlaryň XII Bütinrussiýa gurultaýyna gatnaşdy

Iýul aýynyň ikinji ongünlüginde Russiýanyň ýaşlar paýtagty Wladiwostok şäherinde ýaş alymlaryň we talyplaryň ylmy jemgyýetçiliginiň geňeşleriniň XII Bütinrussiýa gurultaýy geçirildi.

Çäre Uzak Gündogar federal uniwersitetinde geçirilip, bu ýere müňden gowrak adamlar, Ýaş alymlar geňeşiniň (ÝAG), Talyplaryň ylmy jemgyýetçiliginiň (TYJ), «Russiýanyň Liderleri» bäsleşiginiň ýeňijiler jemgyýetçiliginiň wekilleri, döwlet goldawynyň çärelerine eýe bolan ýaş alymlar, ýaş alymlar üçin ylym we innowasiýalar ulgamynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň baýragynyň eýeleri, şeýle hem mugallymlar, aspirantlar, talyplar, dürli ýurtlaryň ýaşlarynyň beýleki ylmy jemgyýetçilikleriniň agzalary jemlendiler.

Gurultaý Russiýanyň ähli sebitleriniň ýaş alymlaryny we bilermenlerini, şeýle hem daşary ýurtlardan – Hytaýdan, Alžirden, Bangladeşden, Nigeriýadan, Belarusdan, Türkmenistandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Gyrgyzystandan myhmanlary bir ýere jemledi.

Çärede biziň ýurdumyza Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň müdiri Şageldi Çaryýew wekilçilik etdi.

Gurultaýa gatnaşyjylar üçin baý maksatnama taýýarlanylyp, ol ussatlyk-sapaklaryny, öňdebaryjy rus alymlarynyň, bilermenleriniň, esasy alyp baryjylaryň, ylymda we tehnologiýalarda liderleriň gatnaşmagyndaky pikir alyşmalary, ýaş alymlaryň hem-de ýaş alymlar üçin ylym we innowasiýalar ulgamynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň baýragynyň eýeleriniň umumy sapaklaryny, şeýle hem köp sanly aň-bilim çärelerini özünde jemledi.

Çäre dürli ýokary okuw mekdepleriň ÝAG-i bilen TYJ-niň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, şeýle hem jemgyýeti ösdürmegiň möhüm wezipelerini çözmäge, şol sanda Russiýanyň ylmy-tehnologik ösüş strategiýasyny we Russiýa Federasiýasynda 2022 – 2031-nji ýyllar aralygynda yglan edilen ylymlaryň we tehnologiýalaryň onýyllyk başlangyjyny durmuşa geçirmäge ýaşlaryň gatnaşmagy üçin ygtybarly meýdança öwrüldi.

Gurultaýa gatnaşmaklyk ýaş alymlara ylmy jemgyýetçilikleriň, halkara ylmy hyzmatdaşlygyň döredýän şertlerine we geljegine has giňden göz ýetirmäge, şeýle hem tejribe alyşmaga, täze bilimler bilen tanyşmaga, gatnaşyjy ýurtlardan we Russiýanyň dürli künjeklerinden bolan kärdeşleriň arasynda peýdaly gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Ýaş alymlaryň we talyplaryň ylmy jemgyýetçiliginiň geňeşleriniň Bütinrussiýa gurultaýy Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň tabşyrmagy boýunça her ýyl geçirilip, ol ylmyň we tehnologiýalaryň onýyllygy çäreleriniň sanawyna girýär.

Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň goldamagynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Ylym we bilim boýunça geňeşiniň ýanyndaky ylym we bilim ulgamlarynda ýaşlaryň işleri baradaky utgaşdyryjy geňeş çäräniň guramaçysy bolup çykyş edýär.

Gurultaý ýaş alymlary ylym we bilim pudagynda esasy wezipeleri çözmäge, durmuş taýdan ösüşe işjeň gatnaşmaga höweslendirmek, şeýle hem ýaşlaryň ylmy jemgyýetçilikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de ylmy-tehniki innowasiýalary öňe ilerletmek maksady bilen geçirilýär.