Berkarar Diýarymyzda döwletimiz tarapyndan goýberilýän ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň hasabyna kiçi we orta telekeçiligi, onuň köp ugurly gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmek boýunça maksadalaýyk işler durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigine täze önümçilikleriň ýola goýulmagy, olarda daşary ýurtlardan getirilýän dürli önümleriň ornuny tutýan harytlaryň öndürilmegem doly şaýatlyk edýär.
Şeýle işewür düzümleriň, önümçilik kärhanalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Bäş tilsim» hojalyk jemgyýetini görkezmek bolar. Welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde ýerleşýän gurluşyk we hojalyk harytlaryny öndürýän bu kärhana ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleri bilen tapawutlanýar.
Hususy kärhananyň işçi-hünärmenleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna, kämil tilsimatlaryna daýanyp, önümçiligiň ösüş depginini barha ýokarlandyrýarlar. Olar milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk senagatynyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda has-da tagallaly zähmet çekýärler. Bu ýerde ýerli çig mallaryň rejeli, ýerlikli ulanylmagy netijesinde dine bir Diýarymyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da uly islegler bildirilýän gurluşyk serişdeleriniň köp görnüşleri öndürilýär.
Hojalyk jemgyýetinde türkiýeli önüm öndürijiler tarapyndan öndürilen döwrebap enjamlaryň ýyllyk kuwwaty bişen kerpijiň 1 millionyny öndürmäge niýetlenendir. Agzybir kärhananyň önümçiligini talabalaýyk ýola goýmak üçin zerurlyk edýän çig mallar Jebel şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känden alynýar. Bu bolsa ýol çykdajylaryny azaltmak bilen, hem wagty tygşytlaýar hem-de kärhanada işleri düşewüntli alyp barmaga giň mümkinçilik berýär. Kärhanadaky kämil barlaghana hem bu ýerde taýýarlanylýan önümleriň ösen önümçilik talaplaryna doly laýyk gelip, onuň içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyply bolmagyny şertlendirýär.
Golaýda bolsa biz hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Gurt Amanow bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol:
– Ýurdumyzyň çig mal serişdeler kuwwaty gurluşyk senagatyny nusgalyk derejede ösdürmäge, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has da pugtalandyrmaga şertler döredýär. Hojalyk jemgyýetimiziň gurluşyk we hojalyk harytlaryny öndürýän kärhanasynyň işleriniň ilerlemeginde hem zähmetsöýer ýaş hünärmenlerimiz aýratyn işjeňlik görkezýärler. Olar hünär ussatlyklaryny yzygiderli artdyrmak bilen, ýerine ýetirýän işleriniň ýokary hil derejesinde bolmagyny gazanýarlar – diýip, gürrüň berdi.