Ï Günbatar sebitde galla önümleriniň öndürilişi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Günbatar sebitde galla önümleriniň öndürilişi artýar

view-icon 2521
Günbatar sebitde galla önümleriniň öndürilişi artýar

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 15-nji iýunynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanyna gelip, galla oragyna ak pata bermegi welaýatyň oba zähmetkeşleriniň durmuşynda ýatdan çykmajak şanly waka öwrüldi. Bu taryhy ähmiýetli pursatlardan göwünleri galkynan balkanly gallaçylar döwlet harmanyna 80 müň tonnadan gowrak däne hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý etdiler.

Uly buýsanç bilen dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň galla hasylyny senagat taýdan gaýtadan işläp, onuň döwletli desterhanlarymyza bereket bolup dolmagy üçin «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky degirmen toplumynda hem sazlaşykly işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallasy netijesinde gurlan toplumda gallany ýokary hil derejesinde saklap, gaýtadan işlemek üçin ähli döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredilipdir. Şeýle hem galla hasylyny taýýar azyk önümlerine öwürmekde ýylda 50 müň tonna un öndürýän, bir gije-gündizde 200 tonna däne üwäp bilýän döwrebap kärhana netijeli işledilýär. Häzirki zaman kärhanasynda däne saklamak üçin niýetlenen ammar-çelekleriň 6-sy bolup, olaryň her biriniň göwrümi 8 müň 333 tonna deňdir. Munuň özi, kärhanada umumylykda alanyňda, birwagtda 50 müň tonna galla hasylyny talabalaýyk saklamaga giň mümkinçiligiň bardygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Toplumda önümçilik bölüminiň, elektrik bekediniň, suw arassalaýjy desganyň, däne ýükläp-düşürmäge niýetlenilen bölümiň, ammar jaýlarynyň, döwrebap edara binasynyň, arassaçylyk-durmuş gullugy binasynyň, suw, elektrik, lagym geçirijileriniň bolmagy işleriň saz we bökdençsiz alnyp barylmagyny şertlendirýär.

Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde türkmen topragynda ýetişdirilen bereketli bugdaýyň gaýtadan işlenilip, içerki we daşarky sarp edijilere ýetirilmegi üçin kärhananyň önümçilik kuwwatlyklarynyň hyzmatyndan diýseň netijeli peýdalanylýar. Kärhanada işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde ýokary hilli azyklyk unuň hem-de mallar üçin niýetlenen ýokumly önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Has takygy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen ýedi aýynda bellenilen 12735 tonna derek 16530 tonna un taýýarlanyp, meýilnama 129,8 göterim berjaý edildi. Şonuň ýaly-da gaýtadan işlenilen şonça möçberdäki galladan alnan unuň 5510 tonnasy ýokary hilli, 11020 tonnasy birinji görnüşli un bolup durýar. Gürrüňi edilýän döwürde mallar üçin taýýarlanan kepegiň möçberem 5002 tonna deň bolup, önüm öndürmekde görnükli ösüş depginleri gazanyldy.

 Şu günlerde bolsa kärhananyň agzybir işçileridir hünärmenleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir iş gününi ýokary görkezijilere beslemek ugrunda has-da öndürijilikli zähmet çekýärler.