Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, ylmy-pedagogik işgärleriniň we beýleki hünärmenleriniň arasynda elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginiň geçirilýändigini yglan etdi.
Bäsleşigiň maksady elektron we uzak aralykdan okatmagyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ulanmak arkaly elektron okuw toplumlaryny ösdürmekden, dünýäniň iň gowy tejribelerini peýdalanmak bilen sanly okuw işlerini guramakdan, maglumat tehnologiýalarynyň esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden, elektron okuwlary ulgamynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň has tapawutlanan hünärmenlerini ýüze çykarmakdan, bu ulgamda mugallymlaryň işini höweslendirmekden, şeýle hem olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekden we işjeňleşdirmekden ybaratdyr.
Şu ýylyň iýul aýyndan oktýabr aýyna çenli aralykdaky döwürde guralan bäsleşik üç ugur: Tehnologiýa we ykdysadyýet, Ynsanperwer, medeniýet we sungat, saglyk we sport, Tebigy we takyk ylymlar boýunça geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşyjylaryň işlerine elektron okuw toplumlarynyň nusgalarynyň anyklylygy we düşnükliligi, elektron okuwlar üçin çözgütleriň wajyplygy we özboluşlylygy, işleriň mazmunynyň doly açylyp görkezilmegi, hödürlenen okuw maksatnamalaryň ähmiýetliligi, multimediýa, animasiýa, AR/VR tehnologiýalaryň ulanylyşy ýaly ugurlar we beýlekiler boýunça baha berler.
Bäsleşik Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamalarynyň çäklerinde geçirilýär.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça abraýly eminleriň çözgüdi bilen çärä gatnaşyjylaryň öňdebaryjylary I, II we III orunlaryň eýeleri kesgitleniler. Ýeňijiler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan degişli derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.
Bäsleşik baradaky giňişleýin maglumatlar bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda tanşyp bolar. Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-84-88, 44-86-06.