Ï «Awaza» şypahanasy – melhemler mesgeni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Awaza» şypahanasy – melhemler mesgeni

view-icon 2338
«Awaza» şypahanasy – melhemler mesgeni

Dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy sagaldyş we dynç alyş, syýahatçylyk hem-de halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde giňden ykrar edildi. Mawy Hazar deňziniň gündogar kenarynda dür monjugy deýin baky orun alan meşhur syýahatçylyk zolagyna bolsa ýylyň ähli paslynda-da gelýänleriň yzy üzülenok.

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Awaza» şypahanasy hem şeýle arzyly, şypaly ýerleriň hatarynda durýar. Bu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň binagärlik keşbini, geografik taýdan gurluş düzümini baýlaşdyran toplum owadan, sapaly künjegiň gözelligine has-da görk goşýar. Ýigrimi müň inedördül metre golaý meýdany tutýan toplum dünýäniň iň bir kämil lukmançylyk enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilipdir.

Ajaýyp melhemler mesgeni döwletli Diýarymyzda deňiz şypahanasynyň buýsançly ösüşlerini täze derejelere çykardy. Ol işe girizilen ilkinji gününden başlap, 2018-nji ýylyň 21-nji iýunyndan bäri raýatlara ösen isleglere laýyk göwnejaý hyzmat edýär. Şypahananyň ýöriteleşdirilen bölümlerinde ussat lukmanlardyr şepagat uýalary yhlasly zähmet çekýärler. Olar häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy tejribeleri esasynda işläp, saglyklaryny dikeldýän, berkidýän raýatlara dürli bejeriş-dikeldiş hem-de şypahana hyzmatlaryny guraýarlar. Şeýle-de dem alyş ýollarynyň, daýanç-hereket synasynyň, nerw, endokrin, ýürek-damar ulgamynyň kesellerini anyklamagy we bejermegi üstünlikli alyp barýarlar. Ähli amatlyklary bolan şypahanada adamlara aeroterapiýa, galoterapiýa, talassoterapiýa, akgoterapiýa, deňiz, şol sanda mineral suwy bilen bejermek ýaly hyzmatlaram ýola goýulýar. 

Döwrebap şypahanada balnoterapiýa hem-de palçyk bilen bejeriş, howuzly, SPA-ly gidroterapiýa, maslahat hem-de anyklaýyş, dikeldiş, fizoterapiýa we bejeriş bedenterbiýesi bölümleri, rentgenografiýa, ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa, owkalap bejeriş, kliniki barlaghanalar bar. Bulardan başga-da, dynç alýan, saglyklaryny berkidýän, dikeldýän raýatlar fitobarda melhemlik içgilerden, ösümliklerden taýýarlanan şerbetlerden içip, teşneliklerini gandyrýarlar. 

 Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy ensiklopedik kitabynda dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary jikme-jik beýan edilýär. Şolaryň esasynda taýýarlanýan melhemler bolsa öz şypaly netijelerini berýär. 

Toplumyň çägindäki sport meýdançalary raýatlaryň hyzmatynda bolup, bu ýerde özara ýaryşlar, çekeleşikli oýunlar geçirilip durulýar. Şu günlerde-de zähmet rugsadynda bolup, wagtlaryny peýdaly, şatlykly geçirýän, saglyklaryny berkidýän, dikeldýän raýatlar döwletimiz tarapyndan döredilen iň bir naýbaşy derejedäki nusgalyk şertlerdir mümkinçiliklere buýsanyp, bu ýerleriň täsinliklerinden, gözelliklerinden ruhy lezzet alýarlar. 

Hazar deňziniň kenar ýakasynda gezelenç edip, ýod-broma we beýleki dermanlyk serişdelere baý howasynda dem almagam saglygyň, dynç alşyň melhemi, egsilmez höziri hasaplaýarlar. Şeýle bagtyýar raýatlar özleri barada, halkymyz hakynda edýän çäksiz aladalary üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini beýan edýärler.