Ï Türkmen hünärmenleri Eýranyň ylmy-tehnologiki parkynyň işi bilen tanyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen hünärmenleri Eýranyň ylmy-tehnologiki parkynyň işi bilen tanyşdylar

view-icon 2970
Türkmen hünärmenleri Eýranyň ylmy-tehnologiki parkynyň işi bilen tanyşdylar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylmy-tehnologik merkeziniň direktory A.Akkaýew we ýokary tehnologiýalar fizikasy kafedrasynyň mugallymy A.Babaýew Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan – Rezawi welaýatynyň ylmy-tehnologik parkyna baryp gördüler.

Saparyň maksady parkyň işi bilen tanyşmak we ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygyň mümkingadar ugurlary boýunça gepleşikler geçirmekdi. Parka saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekillerine onuň gurluşy we işiniň guralyşy barada jikme-jik habar berildi.

Parkyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Horasanyň ylmy-tehnologiýa parkynyň bilim, ylym, innowasiýalar, tehnologiýalar, önümçilik we işewürlik ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda ylmy-barlag we tehnologik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, bilim we tejribe alyşmak maksady bilen taraplaryň arasynda Özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekmek mümkinçiligine garaldy.

Türkmenistanly myhmanlar üçin bu ugurda hereket edýän kompaniýalaryň işine we bu ugurda hereket edýän hukuk kadalaryna esaslanýan bilimlere bagyşlanan «Eýranda tehnologiýany ösdürmek syýasatynyň ewolýusiýasy» atly temadan tanyşdyrylyş geçirildi. Türkmen hünärmenlerine parkyň hyzmatdaş kompaniýalarynyň önümçilik işi bilen gönüden-göni tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri hem Horasan – Rezawi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Maşatdaky Innowasiýalar fabrigine baryp, bu ýerde onuň işi bilen tanyşdylar we hyzmatdaşlyk barada gepleşik geçirdiler. Fabrik öz çäginde ýerleşýän startaplara we kärhanalara iş ýerlerini döretmek üçin şol sanda düzümleri, hünärmenleri, maýadarlary we hyzmatlary elýeterli etmek ýaly işleri bilen tanalýar, ol şäheriň innowasion ekologiýa ulgamynda oňyn kommunikasiýa ugurlaryny döredýär.

Iş sapary wagtynda alnan maglumatlar we döredilen gatnaşyklar şu ýylyň mart aýynda döredilen «Oguz han» ylmy-tehnologik merkezine ylmyň, önümçiligiň we senagatyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek boýunça wezipelerini netijeli ýerine ýetirmäge, nano-. bio- we informasiýa, sanly we akylly tehnologiýalary, emeli aňy işläp taýýarlamaga, ýokary tehnologiýalar boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, bilim ykdysadyýetini döretmäge we ylmy-tehnologik ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge mümkinçilik berer.