Ï Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler

view-icon 3754
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy.

Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimleriň, uly açyşlaryň ýoluna ak pata berdi. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna hem-de ýetip gelýän şanly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlandy.

Häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler, ilkinji nobatda, köpugurly bilim bermäge, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işleri yzygiderli ösdürilýär. Şu maksat bilen, tutuş ýurdumyzda her ýyl dünýä ölçeglerine laýyk gelýän umumybilim berýän mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary gurlup ulanmaga berilýär.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, asylly däbe görä, ýurdumyzda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary boldy. Olara Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabarasy boldy. Döwrebap mekdepde okuwçylaryň ähli dersleri, şol sanda zähmet derslerini özleşdirmekleri üçin zerur şertler döredilipdir.

Bilimler baýramçylygy Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň ýaşaýjylary üçin hem aýratyn şatlyga beslendi. Bu ýerde 960 orunlyk mekdep gapylaryny giňden açdy. Mundan başga-da, welaýatyň Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynda 400 orunlyk mekdep açylyp ulanmaga berildi. Bu desgalaryň gurluşygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir.

Mary welaýatynyň ýaşaýjylary hem Bilimler we talyp ýaşlar gününi täze orta mekdebiň, çagalar bagynyň ulanmaga berilmegine bagyşlanan dabaralar bilen garşyladylar. Tagtabazar etrabynyň Saryýazy obasyndaky 160 orunlyk çagalar bagynyň, Mary şäherindäki 500 orunlyk umumybilim berýän mekdebiň açylyş dabaralary uly ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi.

Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzda guralan dabaraly çäreler türkmenistanlylaryň bilim almagy, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin döwletimiz tarapyndan edilýän aladalaryň güwäsidir. Täze orta mekdeplerde döwrebap mebeller, okuw enjamlary bilen üpjün edilen giň okuw otaglary mugallymlaryň we çagalaryň ygtyýaryna berildi. Okuw otaglarynda gurnalan interaktiw-multimedia enjamlary biologiýa, fizika, himiýa, geografiýa we beýleki dersleri has çuňňur öwrenmäge ýardam eder. Mekdeplerde okuwçylaryň döredijilik ukyplaryny, zehinini açmak üçin hem ähli şertler göz öňünde tutuldy. Olarda aýdym-saz otaglary, sport we medeni çäreler üçin zallar, zähmet dersini özleşdirmek üçin otaglar, okuw gollanmalaryny, çeper eserleri özünde jemleýän kitaphanalar bar.

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň döwrebap binalarynda körpeleriň sazlaşykly terbiýelenmegi, aň-paýhas taýdan hemmetaraplaýyn ösmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertler döredilipdir. Dürli ýaşdaky toparlar üçin amatly, owadan mebelleri bolan oýun we ýatylýan otaglar, synp otaglary, şol sanda mekdebe çenli bilim üçin döwrebap ulgamlar üpjün edilen lingafon hem-de kompýuter otaglary göz öňünde tutulypdyr.

Welaýatlaryň artistleriniň, döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary açylyş dabaralarynyň baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Olara gatnaşyjylar ösüp gelýän ýaş nesil barada edýän aladalary üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda durmuşa geçirýän köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

* * *

1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi açyldy. BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýardam bermeginde döredilen täze merkez ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe ajaýyp sowgat boldy. Bu merkeziň açylmagy türkmen ýaşlarynyň häzirki zaman tehnologiýalaryny çuňňur özleşdirmeklerine, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň hünärmenler bilen üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.