Ï Arkadag şäherinde robototehnika kluby açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde robototehnika kluby açyldy

view-icon 3325
Arkadag şäherinde robototehnika kluby açyldy

Bilimler we talyp ýaşlar güni Türkmenistanyň Bilim ministrligi we BMG-niň Çagalar gaznasy Arkadag şäheriniň 1-nji orta mekdebinde robototehnika klubuny açdylar. Klub okuwçylary amaly okatmak arkaly ylym, tehnologiýalar, inženerçilik, sungat we matematika (STEAM) derslerini öwrenmäge höwes döretmegi we beýleki mekdeplere görelde bolmagy maksat edinýär.

Täze döredilen robototehnika kluby birbada 8-12 okuwçyny okatmak üçin doly enjamlaşdyrylan, ol bilim almak, innowasiýalary ornaşdyrmakda amaly bilimleri ösdürmek üçin ähli zerur tehniki serişdeler bilen üpjün edilen. Türkmenistanyň Bilim ministrligi STEAM-bilimiň barha artýan ähmiýetini ykrar edýär we okuwçylaryň, ene-atalaryň we mugallymlaryň höwesini nazara alyp, ýurdumyzyň mekdeplerinde robototehnika klublarynyň döredilmegini işjeň gatnaşýar.

STEAM dersleri we robototehnika boýunça bilim häzirki zähmet bazaryndaky möhüm talaplara jogap edip, dünýäde uly meşhurlyk gazandy. 

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Narteanyň aýtmagyna görä, Arkadag şäherinde robototehnika klubunyň açylmagy ýaş zehinleri geljekde gerek boljak başarnyklary edinmäge çekmekde möhüm ädimdir. STEAM-bilimi innowasiýa usullaryny ulanýan we geljege ynamly gadam basmaga nesli terbilemäge kömek edýär.

Şundan ugur alyp, ÝUNISEF bu robototehnika klubunyň açylmagy arkaly innowasiýalar we bilim medeniýetini ösdürmekde, şeýle hem şahsy düzgün-tertibi we toparlaýyn işleşmegi kemala getirmekde şeýle hem wagtyňy düzgünleşdirmegi gowulandyrýan STEAM-bilimini, dil we öz-özüňe baha bermek endikleri ösdürmekde Bilim ministrligini goldamaga taýýardyr.