Ï Türkmenistanda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary boýunça Açyk halkara olimpiadasy geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary boýunça Açyk halkara olimpiadasy geçiriler

view-icon 3270
Türkmenistanda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary boýunça Açyk halkara olimpiadasy geçiriler

Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Maliýe hasabatlylygyň halkara standartlary» diýen ders boýunça Açyk halkara internet-olimpiadasyna çagyrýar.

Olimpiada hünär/taýýarlyk ugruna we okuw ýylyna garamazdan ýokary okuw mekdepleriniň hersinden dörtden köp bolmadyk talyplar gatnaşyp biler.

Olimpiada 1-nji noýabrda özbaşdak bäsleşikler görnüşinde geçiriler. Bäsleşigiň resmi dili türkmen, iňlis we rus dilleridir. Gatnaşyjylar üçin 10 ýumuş taýýarlanyp, olary çözmäge 120 minut berler.

Olimpiadanyň eminleriniň düzümine Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň we ylym-bilim edaralarynyň wekilleri girer. Olimpiadanyň ýeňijileri toplanan ballaryň netijeleri boýunça kesgitleniler hem-de I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar. Tapawutlanan gatnaşyjylara Hormat hatlary gowşurylar.

Gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar 15-nji oktýabra çenli institutyň saýtynda görkezilen nusga boýunça özleri baradaky maglumatlary doldurmalydyrlar hem-de görkezilen maglumatlary info@tdmai.edu.tm elektron salgy boýunça guramaçylyk toparyna ibermelidirler.

Olimpiada bilen baglanyşykly goşmaça bildirişler institutyň saýtynda ýerleşdiriler. Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 12 49 25 91, +993 65 65 12 44, +993 65 01 74 85.

Olimpiadany geçirmegiň maksady ýokary hünär bilimi ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan we ösdürmekden, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda talyplaryň nazary bilimlerini çuňlaşdyrmakdan hem-de amaly başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň intellektual taýdan ösmegi üçin oňyn şertleri döretmek, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly «Maliýe hasabatlylygyň halkara standartlary» dersini öwrenmäge gyzyklanma döretmek we ösdürmek olimpiadanyň esasy wezipesidir.

Guramaçylar bu olimpiadanyň köp babatda dostlukly gatnaşyklaryň we ylmy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we mugallymlarynyň arasynda tejribe alşylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.