Ï Ýewropanyň «DARÝA» taslamasynyň çäginde bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýewropanyň «DARÝA» taslamasynyň çäginde bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar

view-icon 1271
Ýewropanyň «DARÝA» taslamasynyň çäginde bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar

Ýewropa Bilim gaznasynyň wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistanda. Saparyň esasy maksady Ýewropa Bileleşiginiň «DARÝA – Merkezi Aziýanyň ugurtapyjy ýaşlary üçin gepleşikler we çäreler» atly bäşýyllyk taslamasynyň çäginde ýurduň dürli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdyr.

Häzirki ösüş we ýaşlaryň hünär bilimini hem okuwyny ösdürmäge gönükdirilen maksatnama bolan “«DARÝA» taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça indiki ädimler taslamanyň ähli üç tapgyrynyňam: endikler baradaky maglumatlary ýygnamak we derňemekden başlap, öwretmegiň çeýe hem giň gerimli çemeleşmelerini gazanmagyň durmuşa geçirilmeginde esasy wezipäni ýerine ýetirýän Bilim ministrliginde ara alnyp maslahatlaşyldy.

18-nji sentýabrda wekiliýetiň agzalary: syýasy meseleler boýunça geňeş bölüminiň başlygy Georgios Zisimos we Gaznanyň Türkmenistandaky wekili Katarina Lukaçowa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa we maglumat merkezine baryp gördüler. Ol ýerde «DARÝA» taslamasynyň çarçuwasynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna we ony durmuşa geçirmek boýunça görülýän degişli çärelere garaldy.

Duşuşygy IMM-niň müdiri Ç.G.Hanmuhammedow açdy. Ol myhmanlary merkeziň hünärmenleri bilen tanyşdyrmak bilen, onuň işi, şol sanda, giň gerimli bilim hyzmatlarynyň teklibi barada-da gysgaça gürrüň berdi. Myhmanlara «DARÝA» taslamasynyň çäginde alnyp barylýan işler, «eMekdep» elektron onlaýn ulgam we ýaşlaryň bilimlerini hem hünär endiklerini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän okuwlar bilen tanyşdyryşlar görkezildi. Duşuşygyň dowamynda Ýewropanyň bilim gaznasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäräniň ahyrynda ÝBG-niň wekiliýet agzalaryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary gowşuryldy.