Ï Türkmen wekiliýeti GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşýar

view-icon 194
Türkmen wekiliýeti GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň paýtagty Ufa şäherinde 17-19-njy sentýabry aralygynda geçirilýän GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVII forumyna gatnaşýar.

Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekilleriniň 200-e golaýyny bir ýere jemlän giň gerimli çäre şu ýyl «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy: umumy gymmatlyklar we medeniýetleriň köpdürliligi» diýen tema bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda duşuşyga gatnaşyjylar häzirki ýagdaýlary göz öňünde tutup, hyzmatdaşlyk etmegiň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar, bilelikde işlemegiň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de görnüşlerini kesgitlärler.

Umumy mejlislerde we ugurdaş bölümçelerde ylym, bilim, medeniýet we sungat wekilleri hünär taýdan özara gatnaşyklaryň dürli ugurlaryna, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň täze görnüşlerine, jemgyýeti ösdürmegiň serişdesi hökmünde meýletinçilige, medeniýetara dialogyny kemala getirmekde ýakynlaşmak ýagdaýlaryna gararlar.

Çäräniň çäklerinde GDA-nyň ugurdaş ynsanperwer birleşmeleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşyklary, kinematografiýaçylaryň, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylarynyň, ählumumy taslamalary guramak boýunça hünärmenleriň tegelek stollary geçirilýär.

Bu forumyň hemişelik hemrasy bolup durýan hem-de şu ýyl Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri bilen geçiren bilelikdäki konserti arkaly myhmanlary begendiren GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň däp bolan çykyşy medeni çäreleriň baý maksatnamasyna girdi.

Forum kararnamanyň kabul edilmegi bilen tamamlanar, şonda çärä gatnaşyjylar bilelikdäki işleriň netijelerini jemlärler hem-de ýakyn gelejek üçin ýerine ýetirmeli wezipeleri kesgitlärler.

GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumynyň GDA agza döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň döwletara gaznasynyň başlangyjy boýunça guralandygyny bellemek gerek. 2006-njy ýyldan bäri forumlar GDA-nyň ýurtlarynyň paýtagtlarynda gezekli-gezegine geçirilýär we Arkalaşygyň giňişliginde her ýyl geçirilýän iri ynsanperwer çäreler bolup durýar. Ufa şäherinde forum ilkinji gezek geçirilýär. Forumyň çäklerinde däp boýunça geçen ýylyň netijeleri jemlenýär, bilelikde hereket etmegiň meýilnamalary maslahatlaşylýar, ylym, bilim, medeniýet, maglumat, syýahatçylyk, sport we ýaşlar bilen işleşmek babatda özara gatnaşyk etmegiň has möhüm meseleleri boýunça teklipler taýýarlanylýar.