Ï Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy giňeldýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy giňeldýärler

view-icon 2713
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy giňeldýärler

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde Kent döwlet uniwersitetiniň rektory Tod Dýakon bilen duşuşyk geçirildi.

Kent döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi duşuşygyň esasy netijeleriniň biri boldy. Bu ylalaşyklar akademiki maksatnamalary giňeltmäge, bilelikdäki bilim we ylym başlangyçlary döretmäge, şeýle hem ýurtlaryň arasynda medeni alyşmalary berkitmäge gönükdirilendir.

Taraplar möhüm meseleleriň hatarynda Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagyny, türkmen wekiliýetiniň öňünden taýýarlan ýol kartasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu başlangyja degişli hemme ugurlaryň üstünde taraplar şu saparyň dowamynyň çäklerinde jikme-jik işlemegi maksat edindiler.

Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylan hem-de türkmen wekiliýetiniň ABŞ-a saparynyň dowamynda guralýan medeni çärälere aýratyn üns çekildi. Türkmenistanyň wekilleri çäreleriň geçirilmegine döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, olaryň ýurtlaryň arasyndaky medeni we bilim gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtadylar.

Geçirilen duşuşyk Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Kent döwlet uniwersitetiniň hyzmatdaşlygyny, medeniýetara gatnaşyklaryny ösdürmekde, şeýle hem türkmen ýokary okuw mekdeplerini halkara bilim giňişligine ýakynlaşdyrmak we dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň birini durmuşa geçirmekde möhüm ädime öwrüldi.