Ï Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Kent döwlet uniwersitetinde gepleşikleri geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Kent döwlet uniwersitetinde gepleşikleri geçirdi

view-icon 708
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Kent döwlet uniwersitetinde gepleşikleri geçirdi

2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kent şäherinde bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň we Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçisi M.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kent döwlet uniwersitetiniň prezidenti Todd Daýkon bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar akademiki maksatnamalary giňeltmäge we Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasyny döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge aýratyn üns bermek bilen, hyzmatdaşlygy artdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda bu uniwersitet bilen Türkmenistanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň arasynda üç sany özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

Duşuşygyň çäginde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Çärede türkmen we amerikan sungat işgärleri halk we klassiki saz eserlerini ýerine ýetirdiler. Ugurdaşlykda geçirilen sergide bolsa, Türkmenistanyň medeni mirasynyň şöhlelenmesi bolan dürli eksponatlar görkezildi.

Ýokary bilimiň akkreditasiýasy boýunça Geňeşiň (CHEA) wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamyny halkaralaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, wekiliýet binagärlik, emeli aň we telekeçilik bilimi ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdy. Bu sapar iki ýurduň akademiki gatnaşyklary giňeltmäge bolan ymtylmasyny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, webinarlary geçirmek we dürli innowasion ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meýilleşdirilýär.