Ï Türkmenistanyň talyplary Soçide maliýe howpsuzlygy boýunça IV Halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň talyplary Soçide maliýe howpsuzlygy boýunça IV Halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler

view-icon 3172
Türkmenistanyň talyplary Soçide maliýe howpsuzlygy boýunça IV Halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler

Türkmenistanyň talyplarynyň dördüsi maliýe howpsuzlygy boýunça IV Halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry Russiýanyň Soçi şäherindäki «Sirius» federal çäklerde geçirildi.

Olimpiadanyň «Ykdysadyýet» ugrunda ýeňiji diýen mynasyp ady hem-de hormatly I orny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Jennet Berdiýewa eýeledi.  Şeýle hem bu ugur boýunça Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Aýsenem Nuryýewa ajaýyp netije görkezip, II orny eýeledi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nurmuhammet Täjimyradow «Maglumat howpsuzlygy» ugrundan II orna mynasyp boldy. «Halkara gatnaşyklar» ugry boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Arslan Şaimowa II orun berildi. 

Olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda ýokarda agzalan ýokary okuw mekdepleriň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň 9-syndan ybarat bolan milli topar Türkmenistana wekilçilik etdi.  

Umuman, dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan gatnaşyjylaryň 600-e golaýyna olimpiadanyň finalyna gelmek başartdy. Olar deslapky saýlama synaglaryndan üstünlikli geçdiler we her ýylky däp boýunça «Siriusda» duşuşdylar. 

Russiýanyň mekdep okuwçylarynyň 28-si we talyplarynyň 82-si, şeýle hem daşary ýurtlaryň 36-syndan talyplaryň 56-sy, şol sanda biziň ýurdumyzdan talyplaryň 4-si olimpiadanyň ýeňijileri hem-de baýrak eýeleri boldular. 

Olimpiada dört ugur: ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy, hukukşynaslyk, halkara gatnaşyklar boýunça geçirildi. 

«Siriusda» bolmaklarynyň bäş gününde oňa gatnaşyjylar onlarça çärelerde: umumy sapaklarda, interaktiw ussatlygynda, ussatlyk sapaklarynda, maslahatlaşmalarda, «Möhüm meseleler boýunça söhbetdeşliklerde», sorag-jogap bäsleşiklerinde, rus halk oýunlary festiwalynda, «Sibir halklarynyň medeniýeti we däp-dessurlary» atly serginiň açylyşynda we sport ýaryşlarynda boldular. 

Hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglaýyş hem-de ýapylyş dabarasy jemleýji tapgyry tamamlady. 

Şu ýyl olimpiada geçen ýylky bilen deňeşdirilende, gatnaşyjy ýurtlaryň 36-synyň wekillerini bir ýere jemläp, öz çäklerini ep-esli giňeltdi. Bu diýildigi geçen ýylkydan 17 ýurt köp gatnaşdy diýildigidir. Bäsleşik Russiýadan, Belarusdan, Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Ermenistandan, Pakistandan, Bahreýnden, Alžirden, Boliwiýadan, Argentinadan, Wenesueladan, Braziliýadan, Wýetnamdan, Müsürden, Hindistandan, Indoneziýadan, Hytaýdan, Yrakdan, Kubadan,  Liwandan, Mawritaniýadan, Namibiýadan, Meksikadan, Marokkodan, BAE-den, Perudan, Omandan, Saud Arabystanyndan, GAR-dan, Ekwadordan we Efiopiýadan ýaşlary bir ýere jemledi.

Olimpiada hereketi ýaşlaryň häzirki wagtda möhüm bolan maliýe sowatlylygy we dünýädäki howpsuzlyk baradaky meselelere gyzyklanmalarynyň artyşy we ösüşi ýaly yzygiderli ösýär. Olimpiada köp sanly ýaş zehinleri ýüze çykarýar, gatnaşyjylara üýtgeşik aýdyň pikirlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär hem-de geljekki hünäriňi saýlap kesgitlemäge kömek edýär.   

Maliýe howpsuzlygy boýunça halkara olimpiada Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň teklibi esasynda 2021-nji ýyldan bäri geçirilýär. Guramaçylar bolup, RF-iň Ylym we ýokary bilim ministrligi, Maliýe gözegçiligi boýunça federal gullugy, RF-iň Aň-bilim ministrligi, Halkara setler boýunça institutyň bilim guramalary çykyş edýärler.   

Olimpiadanyň maksady ýaşlaryň maglumat, maliýe we hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan, zehinleri gözläp tapmakdan, maliýe howpsuzlygy ulgamynda okuw-aň-düşünje hem-de ylmy-barlag işlerini höweslendirmekden ybaratdyr. 

Pikirlenmegiň täze görnüşlerini we iş alyp barmagyň usullaryny ösdürmek, maliýe howpsuzlygy ulgamynyň işgärler bilen üpjünçilik mümkinçiligini kemala getirmek maksady bilen, okuwçylardyr talyplaryň hünäre ugrukmaklaryna ýardam bermek, maliýe howpsuzlygy ulgamynda bitewi bilim, ylmy-barlag, geljekde bolsa maglumat giňişligini döretmek olimpiadanyň wezipeleridir.