Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu iri desganyň Magtymgulynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini ýüze çykarýar.
Seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri heýkelleri Magtymguly seýilgähini bezeýän ajaýyp şahsyýetleriň ömri hem-de döredijiligi bilen, mümkinçiligine görä, tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde oturdylan öz döwrüniň akyldarlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ol ýa-da beýleki şahsyýet barada habarlary, mümkin bolşuna görä, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli, olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr.
Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz Kiçi Aziýada ýaşap geçen beýik şahyr, türk şygryýetinde goşgy düzmegiň esasyny goýan, türk edebiýatyna uly täsirini ýetiren Ýunus Emre barada.
Ýunus Emräniň ömri we döredijiligi rowaýatlardan doly. Ol gezende hem-de şygyr aýdýan derwüş bolupdyr. Şahyryň doglan we aradan çykan seneleri jedelli bolmagynda galýar, ýöne, hünärmenleriň köpüsi 1238-1321-nji ýyllar senesinde diýen bir pikirde bolýarlar. Şahyryň doglan we aradan çykan ýeri hem anyk belli däl, ýöne, ol Eskişehiriň golaýyndaky Saryköý şäherçesinde doguldy diýlip hasaplanylýar.
Ýunus Emre sowatsyz däldi. Onuň medresäni tamamlandygy, arap we pars dillerine erk edendigi, şeýle hem onuň ýaşan döwründe öwrenilmek kabul edilen hemme ylymlary öwrenendigi bellidir. Bu bilimlerden habarlydygyny onuň eserlerinden görmek hem-de seljermek bolýar. Ýunus Emre sada we ýönekeý durmuşda ýaşapdyr. Ol meşhur sopy şyhyň müridi bolupdyr, bütin ömrüni gezendelik bilen geçiripdir.
Ýunus Emre ýazuw edebiýatyny ýönekeý halkyň durmuşyna ýakynlaşdyran şahyrdyr. Ahmet Ýasawy we Soltan Weled bilen bir hatarda, ol şygyr düzmekde ilkinji gezek gepleşik türk dilini ulanyp başlapdyr.
Şahyryň goşgularynda söýgä wepadarlyk, ynsanperwerlik maksatlary, tebigatyň gözelligine aýawly garamak baradaky pikirler öňe sürülýär. Şahyryň eserleri Türkiýede hem-de beýleki ýurtlarda ençeme gezek neşir edildi. Onuň şygyrlarynyň dili düşnükli we ýeňil okalýar. Şahyryň iň ähmiýetli döredijilik eserleriniň biri «Diwan» atly şygyrlar ýygyndysy hasaplanylýar, şonda awtor ynsanyň päk ahlaklylygyna ýüzlenýär, umumadamzat gymmatlyklaryna çagyrýar.
Hoja Ahmet Ýasawynyň bilim ýörelgelerine eýermek bilen, Ýunus Emre halk üçin belent ahlaklylygyň nusgasyna öwrüldi. Onuň şygryýeti köp babatda edebiýatyň çäklerinden çykdy. Şahyr türk milletini galkyndyrmak işine saldamly goşant goşup, halka onuň milli gymmatlyklary barada ýatlatdy. Ýüzýyllyklaryň dowamynda Ýunus Emräniň eserlerine türk şygryýetiniň we edebiýatynyň nusgawy mysaly hökmünde garalýar. 2021-nji ýylyň öz döwründe ÝUNESKO tarapyndan Ýunus Emräniň we türk diliniň ýyly diýilip yglan edilmegi hem tötänden däldir.
Beýik türki dilli şahyr Ýunus Emre ençe asyrlar geçse-de, täsin ýaňlanmasyny saklan ajaýyp sesi arkaly häzirki wagtda-da türk diliniň we edebiýatynyň möhüm wekilleriniň biridir. Her ýyl Türkiýäniň Eskişehir welaýatynda türk akyldarynyň we şahyrynyň hatyrasyna Medeniýet hepdeligine hem-de Ýunus Emräniň sungatyna bagyşlanylan çäreler guralýar.
Dünýäniň köp şäherlerinde şahyryň hormatyna köp sanly ýadygärlikler oturdyldy, meýdançalara, köçelere we ençeme seýilgählere onuň ady dakyldy.