Ï Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda dermanlyk ösümlikleriň biologik dürlüligi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda dermanlyk ösümlikleriň biologik dürlüligi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1563
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda dermanlyk ösümlikleriň biologik dürlüligi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýasy barlaghanasy her ýylyň 10-njy oktýabrynda bellenýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dermanlyk ösümlikleriň sagaldyş häsiýetlerine bagyşlanan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri – dertleriň dermany» atly ylmy-amaly maslahat geçirdi.

Bu çärä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň alymlary we mugallymlary, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň aspirantlary gatnaşdy.

Maslahatda çykyş edenler dermanlyk ösümlikleriň sagaldyş häsiýetleri babatynda alyp barýan ylmy-agtaryş işleri, olaryň botaniki gurluşy we ulanylyş aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Bular baradaky maglumatlar TYA-nyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde jemlenipdir. Bu eseriň 16-nji jildi ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynyň öňýanynda çapdan çykdy.

Çykyşlarda dermanlyk ösümlikleriň esasynda derman serişdeleri öndürilende, halk tebipçiliginiň gazanan tejribesini häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýanyň gazananlary bilen birleşdirmegiň bu serişdeleriň adam saglygyna oňaýly täsirini güýçlendirýändigi nygtaldy. Ýokary derejede sagaldyş häsiýetli dermanlyk ösümlikleriň, aýratyn-da diňe Türkmenistanda ösýän endemik dermanlyk ösümlikleriň baý we dürli-dümen dünýäsi farmasewtika pudagy üçin täze dermanlaryň, hususan-da, senagatyň beýleki pudaklarynda ulanylanda, ykdysady bähbit getirýän dermanlyk ösümliklerden alnan efir ýaglarynyň görnüşlerini döretmäge mümkinçilik berýär.

Çykyşlaryň mowzuklary: «Köpetdagyň ýabany dermanlyk ösümlikleriniň biologik baýlyklary we biodürlüligi», «Dermanlyk ösümlik çig mallarynyň ýygnalyşynyň, guradylyşynyň we saklanylyşynyň aýratynlyklary», «Zylçaly ýowşanyň efir ýagynyň esasynda derman görnüşini taýýarlamagyň tehnologiýasy», «Ösümliklerden derman serişdeleri taýýarlamagyň düzgünnamasy», «Buýan köküniň galyndylaryny topragyň şorlaşmasyna garşy göreşde ulanmak», «Tebigy mumiýanyň biologik taýdan işjeň organiki we mineral düzümleriniň fiziki-himiki barlaglary we ähmiýeti» we beýlekiler ýurdumyzda dermanlyk ösümlikleriň netijeli ulanylyşy boýunça alnyp barylýan ylmy agtaryşlaryň gerimini hem wajyplygyny görkezdi.