Ï Orta hünär okuw mekdepleriň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Orta hünär okuw mekdepleriň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi

view-icon 2235
Orta hünär okuw mekdepleriň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw maslahaty geçirildi

Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Aşgabat, Arkadag şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda amaly-okuw maslahat geçirildi.

Okuw maslahatynyň gün tertibinde talyplary bahalandyrmaga, okuw maksatnamalaryny meýilleşdirmäge we guramaga, okatmagyň usulyýetine, şeýle hem bilim işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurduň orta hünär okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlygyny artdyrmaga degişli wajyp meselelere garaldy.

Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Tahyr Şallyýew okuw maslahatyny gutlag sözi bilen açdy.

Soňra mekdebiň mugallymy Gülsere Ahmedowa okuw maslahatyna gatnaşyjylary bu okuw mekdebiň alyp barýan işleri we gazananlary bilen tanyşdyrdy.

Okuw maslahatynyň dowamynda maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiň mugallymy Şemşat Senebaýewa çykyş edip, orta hünär ulgamy üçin işgärleri taýýarlamak maksadynda bilim standartlaryna degişli meseläni beýan etdi.

Aşgabadyň agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň inženeriýa bölüminiň müdiri Jahan Garrygulowa mekdepde täze okuw ýylyna taýýarlyga degişli täze hünärleriň hem-de ugurlaryň girizilmegini nazarda tutup, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp düzmek boýunça geçirilen işler barada gürrüň berdi.

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň okuw bölüminiň hünärmeni Atamyrat Ilýasowyň çykyşy Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerinde aralyk tomusky we gyşky, şeýle hem jemleýji döwlet synaglarynyň bellenilen tertipde geçirilmegini üpjün etmek boýunça çäreleriň guralyşyna bagyşlandy.

Duşuşygyň ahyrynda bilelikdäki maslahatlaşmalar geçirilip, onuň dowamynda kärdeşler çykyş edilen temalar boýunça pikirlerini we tekliplerini paýlaşdylar hem-de çäräniň netijelerini jemlediler.

Mekdebiň myhmanlary üçin sergi ýaýbaňlandyryldy, ol Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy tarapyndan taýýarlanyldy. Aşgabadyň maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň çeper höwesjeňler döredijilik topary okuw maslahatyna gatnaşyjylary ajaýyp çykyşlary bilen begendirdi. 

Geçirilen okuw maslahat tejribe alyşmak hem-de ýurduň orta hünär okuw mekdepleriniň wekilleriniň özara gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen guraldy.