Ï «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň nobatdaky sany çykdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň nobatdaky sany çykdy

view-icon 1800
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň nobatdaky sany çykdy

Häzirki ylmy gözlegler we döretmeler bilen gyzyklanýan alymlardyr hünärmenler bular bilen Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky tarapyndan neşir edilýän «Türkmenistanda innowasion tehnologiýalar» atly elektron ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sanynda çap edilen makalalar arkaly tanşyp bilerler.

Žurnalyň soňky sanynda türkmen we daşary ýurtly alymlaryň ylymdyr tehnologiýany ösdürmegiň dürli ugurlary boýunça alyp baran hem nazary, hem amaly ähmiýetli ylmy işleriniň netijeleri berlipdir.

Belli bir ugur boýunça işleýän hünärmenleri «Tegelekde singulýar potensially elliptik deňleme» atly makala gyzyklandyrsa, žurnaldaky beýleki materiallaryň aglabasy ylmy-amaly häsiýete eýe bolup, belli bir meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Mysal üçin, «Alapakyryň tohumynyň fitohimiki düzüminiň we hil görkezijileriniň innowasion usulda kesgitlenilişi» atly makalada alapakyryň çigidini mikroskop astynda öwrenmegiň netijeleri görkezilipdir we onuň bejeriş häsiýetleriniň aýratynlyklary hem dermanlyk maksatlar üçin zerur bolan görkezijiler kesgitlenipdir.

«Ýerli çig mallardan doňaklyga garşy ekologik taýdan arassa serişdeleriň alnyşy» atly makalada «Garabogazkarbamid» önümçilik birleşiginiň zawodynyň önümlerini çig mal hökmünde ulanyp, doňaklyga garşy ekologiýa taýdan arassa serişdäni almagyň tehnologiýasynyň ylmy esaslary beýan edilýär. «Howanyň üýtgeýän şertlerinde merkezi Köpetdagda we onuň dag eteklerinde duş gelýän guşlaryň ekologiýasy» atly makalada Merkezi Köpetdagda we onuň eteklerinde ýaşaýan guşlaryň görnüşleriniň düzümi barada käbir ylmy maglumatlar berlipdir, şeýle hem dag eteklerinde täze döredilen tokaý zolaklarynyň guş dünýäsine täsiri kesgitlenipdir.

«Şorlaşan ýerleri dikeltmekde buýan köküniň galyndysyny peýdalanmagyň ähmiýeti» atly makalada buýan köküniň senagat galyndylaryny tebigy sorujy hökmünde ulanmak bilen, ikinji gezek şorlaşma sezewar bolan topraklaryň şoruny azaltmagyň netijeleri berilýär. «Türkmenistanyň şertlerinde ýerli goýun ýüňlerinden lanolini almagyň usuly» atly materialda bolsa goýun ýüňünden lanolin öndürilişi beýan edilýär. Şunda alnan maddanyň erginligine we dykyzlygyna baha berlipdir we onuň lanoline mahsusdygy anyklanypdyr. «Köýtendagda ösýän çalymtyl sarygülüň ýerüsti böleginiň fitohimiki barlagy» atly makala umumy kabul edilen lukmançylyk ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda, zweroboý ösümlik çig malynyň synaglarynyň seljermesi berlipdir. Bu ösümlik çig malynyň düzüminde çygyň, saponinleriň bardygy we ondaky flawonoidleriň mukdary kesgitlendi.