Ï Aşgabatda durnukly ösüş üçin özara energiýa arabaglanyşygy gowulandyrmak boýunça halkara bilermenleriň duşuşygy geçýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda durnukly ösüş üçin özara energiýa arabaglanyşygy gowulandyrmak boýunça halkara bilermenleriň duşuşygy geçýär

view-icon 1884
Aşgabatda durnukly ösüş üçin özara energiýa arabaglanyşygy gowulandyrmak boýunça halkara bilermenleriň duşuşygy geçýär

Paýtagtymyzda 2024-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň we BMG-niň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň howandarlygynda özara energiýa arabaglanyşygy gowulandyrmak, ýagny hyzmatdaşlygy ösdürmek we durnukly ösüşe ýetmek boýunça halkara bilermenler duşuşygy geçýär.

Duşuşyga gatnaşýanlar hemmeler üçin elýeterli, ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa bilen üpjün edýän Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin durnukly we netijeli energiýa arabaglanyşygyň wajyp zerurlygyny ara alyp maslahatlaşarlar.

Maslahat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78/149 Kararnamasy bilen döredilen impulsa esaslanýar, onda durnukly ösüşe ýetmekde özara energiýa arabaglanyşygyň esasy orny ykrar edilýär. Duşuşyk garyşyk görnüşde geçýär: bilermenler çekişmelere Aşgabatda huzury we göni internet baglanyşygy arkaly gatnaşýarlar.

Deslapky gün tertibine laýyklykda, 16-njy oktýabrda umumy mejlis bolar, onda ýokary derejeli resmi şahslaryň we bilermenleriň gutlaglarydyr esasy çykyşlary ýaňlanar. Mejlisiň ilkinji temasy «Sebitleýin birleşme we hyzmatdaşlyk: Energetika ulgamlarynyň birikmesi boýunça Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň sebit ýol kartasyndan sapaklar» ady bilen geçer. Sebitdäki energetika hyzmatdaşlygyň başlangyçlary, iň gowy tejribeler we kynçylyklar barada umumy interaktiw çekişmeler bolar. 

Şol bir wagtda geçýän maslahatda serhedaşa infrastrukturany ösdürmek, kadalaşdyryjy hukuk binýady we ekologiýa taýdan arassa energetikanyň birleşmesi ýaly anyk temalara garalar. Çäräniň ikinji gününde, ýagny 17-nji oktýabrda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş müdirliginiň ýörite çäresi – möhüm energetika infrastrukturasyny goramak boýunça tehniki görkezmeler bilen tanyşdyryş, «Energiýa çeşmeleriniň dürlüligi we howpsuzlygy: energiýa çeşmelerini dürlüliginiň strategiýalaryny öwrenmek, energetika howpsuzlygy artdyrmak we howanyň üýtgemeginiň zyýanly netijelerini azaltmak» atly ikinji tema boýunça mejlis meýilleşdirilýär. 

Ol BMG-niň Merkezi Aziýada özara energiýa arabaglanyşygy boýunça Ýewropa ykdysady toparynyň taslamasyndan alnan sapaklara bagyşlanýar. Gönümel çekişmede özara energiýa arabaglanyşygy üpjün etmek üçin maýa goýumy we maliýeleşdiriş mowzugy ara alnyp maslahatlaşylar. Bilermenler innowasion maliýeleşdiriş mehanizmlerini öwrenmäge we hususy pudagyň maýa goýumlaryny bu işe çekmäge üns bererler.