Ï Meşhur grossmeýster Naýjel Şort Türkmenistana geldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Meşhur grossmeýster Naýjel Şort Türkmenistana geldi

view-icon 2054
Meşhur grossmeýster Naýjel Şort Türkmenistana geldi
camera-icon
Türkmenistanyň küşt federasiýasy

Britaniýanyň taryhynda beýik küştçüleriň biri hasaplanylýan 59 ýaşly meşhur grossmeýster Naýjel Şortuň biziň ýurdumyza sapary Türkmenistanyň sport durmuşynda möhüm waka boldy.

Naýjel Şort 14 ýaşynda halkara ussady we 19 ýaşynda grossmeýster ada eýe bolan ýiti zehinli ýaş küşt ussadydy. Ol ýaryşlara gatnaşan ýyllarynda ençeme gezek ýeňiji boldy, küşt olimpiadalarynyň birnäçesinde Angliýa wekilçilik etdi. Ol 1993-nji ýylda dünýä çempionlygy ugrunda Garri Kasparow bilen oýnap, dünýä küşt täjiniň eýesine garşy çykan ilkinji iňlisdi. N.Şortyň Garri Kasparowdan utulandygyna garamazdan, onuň bu duşuşyga gatnaşmagy küşt taryhynda möhüm waka boldy. Ol gazaply oýny we gönümelligi bilen at aldy, bu bolsa ony diňe bir döwlerde däl, eýsem oýunlardan gaýry ýerlerde-de saýry edip goýdy.

Naýjel Şort küşt ýaryşlaryna gatnaşmagyndan daşgary, küşt teswirçisi, tälimçi we dolandyryjy hökmünde hem netijeli işledi. 2018-nji ýylda ýeňiş gazanyp bilmese-de, Bütindünýä küşt federasiýasynyň (FIDE) prezidentligine dalaş etdi.

Naýjel Short häzirki wagtda FIDE-niň küşt oýnuny ösdürmek boýunça direktory bolup işleýär. Ol Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň çakylygy bilen Türkmenistanda sportuň ösüşine bagyşlanan halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.

Mundan başga-da, blis boýunça FIDE-niň görkezijisinde 2571 derejeli meşhur grossmeýster 300-den gowrak küştçiniň bäsleşen Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň (TKF) Kubogy ugrunda blis ýaryşyna hem gatnaşdy. Garaşylyşy ýaly, Naýjel Şort ýeňiji boldy. Ol 9 oýunda 7,5 utuk toplap, goşmaça görkezijiler boýunça degişlilikde 2-nji we 3-nji orny eýelän halkara grossmeýster Maksat Atabaýewden (FIDE blis görkezijisi – 2377) hem-de sport ussatlygyna dalaşgär Amanmuhammet Hommadowdan (2316) öňe geçdi. M. Atabaýew 1993-nji ýylda dünýä täjine dalaş eden Naýjel Şort bilen deňme-deň oýnady, A.Hommadow aslynda meşhur grossmeýsteri ýeňmegi başarardy, ýöne beýleki garşydaşlary bilen oýunlarda utuklaryny ýitirdi.

Ýaryşyň ýapylyş dabarasyna Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon gatnaşdy, oňa ýeňiş gazanan ildeşine mynasyp bolan altyn medalyny hut özüniň gowşurmagy miýesser etdi.

Gyzlaryň arasynda uýalar Lala we Leýla Şöhradowlar (ikisem lebaply) çalt küştde beýlekilerden artykmaçlygyny görkezdiler. Aşgabatly Ogulsuraý Baýrambaýewa üçünji orny eýeledi.

Rapid boýunça ýaryşda 1-nji tapgyrda utulandygyna garamazdan, Amanmuhammet Hommadow galan 10 oýnunda ýeňiş gazandy we birinji ýeri eýeledi. Ahmet Gubataýew (Aşgabat) ondan 1,5 utuk yza galdy. Ýaş derejesinde ýurdumyzyň ençeme gezek öňki çempiony, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Nedir Sylyýew we ýaş derejesinde Türkmenistanyň beýleki bir çempiony, zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussady Lala Şöhradowanyň hersi 8 utuk gazandy. Bürünç medal goşmaça utugyna görä Nedire berildi.

Lala Şöhradowa gyzlaryň arasynda iň gowy netije görkezdi. Türkmenistanyň häzirki çempiony, zenanlaryň arasynda FIDE-niň ussatlygyna dalaşgär Merýem Agajanowa ikinji, Aşgabat şäherinden mekdep okuwçysy Eneş Arazmedowa üçünji orny eýelediler .

Nusgawy küşt, rapid we blis ýaly dürli ugurlarda, şeýle hem ýaş derejesinde Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ýaryşynda abraýly orunlary eýelänleriň 45-sine kubok, medal, şahadatnama, TKF-dan pul baýraklary, sowgat we ýaryşyň hemaýatkärleri – «Regus», «Intertek», «Erem», «ImdatBot» we «Ýigit» kompaniýalaryndan sowgatlyk şahadatnamalar gowşuryldy.

Hormatly daşary ýurtly myhmanlar hem sowgatsyz galmady, olara ýaryşyň guramaçylary milli türkmen lybasyny don we telpek geýdirdiler. Beýik Britaniýanyň ilçisi we iňlis grossmeýsteri Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde ýerleşýän kiçijik küşt muzeýine baryp gördüler we başlangyç synplarda okuwyň gidişine syn etdiler. Mekdebiň eýwanyndaky üsti mally uly küşt tagtasy myhmanlary hasam özüne çekdi, olar «Iňlis başlangyjy» açylyşy bilen bir döw oýnadylar.

Naýjel Şort Türkmenistanda bolan döwründe iki sagatdan gowrak dowam eden we ähli oýunlarda dünýä küşt ýyldyzynyň ýeňşi bilen tamamlanan 10 ýaş küştçi bilen bir wagtyda oýun oýnady. Ýaş türgenler grossmeýster bilen oýnamakdan tejribe aldylar we muňa şat boldular.

Ýurdumyzyň tälimçileriniň we öňdebaryjy küştçüleriniň haýyşy boýunça N.Şort olar bilen aýratyn duşuşyk geçirip, ýurtda küştçüleriň ussatlygyny ösdürmek, tälimçilik işleri we küştüň çalt hem yzygiderli ösmegi üçin şert döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň habaryna görä, saparyň dowamynda FIDE-niň küşt oýnuny ösdürmek boýunça direktory Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde hem netijeli duşuşyk geçirdi, onda taraplar Türkmenistanda küşti ösdürmek barada pikir alyşdylar. Grossmeýster Naýjel Short Türkmenistanyň Hökümetiniň 2025-2026-njy okuw ýylyndan başlap mekdep okuw meýilnamasyna küşt girizmek meýilnamalaryny mübärekledi. Bu intellektual oýny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek FIDE-niň küşt oýnuny ösdürmek boýunça direktorynyň ileri tutýan ugurlaryndan biridir, jenap Naýjel Şort ajaýyp türkmen paýtagtynyň geljekde halkara küşt ýaryşlaryny geçirip biljekdigine umyt bildirdi.

«Aşgabadyň kaşaňlygy we owadanlygy, gowy küşt düzümleri, şeýle hem ýaş türkmen küştçüleriniň ösüşe we ýeňişlere zehini hem yhlasy Türkmenistany iň ýokary derejeli halkara küşt ýaryşlaryny geçirmäge taýýar edýär. 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda Türkmenistanyň iki milli ýygyndysynyň hem üstünlikli çykyş etmegi, Türkmenistanda oýnuň derejesini Özbegistan we Gazagystan ýaly ýurtlaryň derejesine çykarmaga täze itergi we ynam bermelidir» — diýip, ýaryşlarda çykyş eden döwründe 16 olimpiada gatnaşan meşhur küştçi aýtdy.