Geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna degişli «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde okuw maslahaty geçirildi. Oňa baş hasapçylar, şäher, etrap we welaýat kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň, Merkezi derňew toparynyň wekilleri gatnaşdy.
Okuwyň guramaçylygyny TKAMM-niň maliýe we ykdysady bölümi bilen Merkezi derňew topary üpjün etdi. Mugallymlar bolsa paýtagtdan we döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinden gelen maliýe hasabatlylygy boýunça öňdebaryjy hünärmenler we kärdeşler arkalaşyklarynyň işgärleridi.
TKAMM-niň beren maglumatyna görä, okuwlar, usulyýet geňeşmeleri, tanyşdyrmalar ýeke-täk esasa – ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanan býujete bagly döwlet edaralary üçin hasapçylyk hasabyna almagyň soragnamasyna syrygýardy. Hasapçylyk hasabyna alyş Türkmenistanyň degişli kanunlary we maliýe hasabatlylygy, hasap ýöretme syýasaty, hasaplaryň iş meýilnamasy, kärdeşler arkalaşyklarynyň bellige alyş soragnamalary esasynda alnyp barylýar.
Maslahatyň dowam eden bäş gününde hukuk goraýjy, adalat, maliýe we kanun çykaryjy pudaklaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga peýdaly goşant bolan many-mazmunly, maglumat doly ýigrimiden gowrak hasabat diňlendi.