Ï Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň gümrük işgärleri töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça tejribe alyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň gümrük işgärleri töwekgelçilikleri dolandyrmak boýunça tejribe alyşdylar

view-icon 1611

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri Ýaponiýanyň ykdysadyýet ministrliginiň gümrük we hyzmatlaryň töleg sanawy boýunça dolandyryş müdirliginiň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly okuwa gatnaşdylar.

Okuwyň maksady gümrük gözegçiliginiň we serhet geçelgelerinde töwekgelçilikleri dolandyrmagyň netijeliligini üpjün etmekde Ýaponiýanyň tejribesini öwrenmekden ybaratdyr. Ýaponiýanyň ykdysadyýet ministrliginiň gümrük we hyzmatlaryň töleg sanawy boýunça dolandyryş müdirliginiň wekilleri Kazumo Matsumoto we Taiki Natsumi ýurdunyň gümrük edarasynyň işleriniň dolandyrylyşy, esasy wezipeleri we söwda amallaryny ýeňilleşdirmek babatda görülýän çäreler barada gürrüň berdiler.

Hususan-da, gümrük taýdan resmileşdirmek üçin «NACCS3» ulgamy («Ýaponiýanyň awtomatlaşdyrylan gümrük resmileşdiriş ulgamy») bilen tanyşdyryldy. Ulgam 1978-nji ýylda işe girizilip, gümrük işlerini resmileşdirmegiň gysga möhletde amal edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.