Ï Türkmenistanyň Bilim ministrliginde innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň geljegi we ekoulgam-startaplary ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň geljegi we ekoulgam-startaplary ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 1980

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriň, şeýle hem Türkmenistanyň Ykdysatçylar birleşmesiniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Innowasion ykdysadyýet we ekoulgam-startaplary» diýen tema boýunça «tegelek stol» geçirildi.

Çäre türkmen halkynyň Milli Lideriniň 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde beýan eden tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen geçirildi. Şolaryň hatarynda döwrebap bilim edaralaryny hem-de ylmyň we innowasiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar merkezlerini döretmek, şeýle hem ýokary okuw mekdeplerde ylym-bilim we önümçilik özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin netijeli usulyýetleri işläp taýýarlamak tabşyryklary bar.

Şunuň bilen baglylykda, ekoulgam-startaplarynyň we innowasion ykdysadyýetiň ösdürilmegine, zähmet bazarynyň möhüm isleglerini göz öňünde tutup, bilim maksatnamalarynyň kämilleşdirilmegine tegelek stola gatnaşyjylaryň aýratyn ünsi çekildi. Talyplaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hem-de ylmyň, bilimiň we önümçiligiň üstünlikli ýakynlaşmagy üçin şertleri döretmek baradaky meselelere garaldy.

Mundan başga-da, maslahatlaşmalarda häzirki döwrüň dördünji senagat rewolýusiýasy hem-de ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna emeli aňyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly çagyryşlaryna degişli temalara üns jemlenildi. Çärä gatnaşyjylar depginli tehnologik özgertmeler şertlerinde ukyp-başarnyklar we hünärler boýunça zähmet bazarynyň isleglerini çaklamagyň örän wajypdygyny nygtadylar. Bu baradaky söhbetdeşligiň dowamynda Halkara zähmet guramasynyň tekliplerine garaldy. Şol teklipler bilim ulgamynyň geljegiň talaplaryna uýgunlaşmagyna gönükdirilendir. Hünärmenleri üstünlikli taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň tejribesini öwrenmegiň zerurdygy bellenildi. Ministrlik zähmet bazarynyň isleglerine seljerme we baha berýär. Bilim maksatnamalaryň şol çaklamalardan ugur almagy zerur hünärleri döretmegiň açaryna öwrüler.

Duşuşykda uniwersitetleriň ýanyndaky ekoulgam-startaplaryny ösdürmegiň halkara tejribesi baradaky çykyşlar diňlenildi hem-de olary Türkmenistanda uýgunlaşdyrmagyň usullary teklip edildi. Çärä gatnaşyjylar okuw mekdepleriň önümçilikler bilen özara gatnaşygyny berkitmekleri, şeýle hem talyplara alan nazary bilimlerini kärhanalarda anyk iş taýýarlygy bilen utgaşdyrmaga kömek edýän ugurdaş bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça tekliplerini beýan etdiler. Ýaş telekeçileri hukuk we maliýe taýdan goldamak, şol sanda ýeňillikli karzlary bermek we patentleri bellige aldyrmak baradaky meselelere uly üns berildi.

Çäräniň ahyrynda tegelek stoluň netijeleriniň innowasion ykdysadyýeti, ekoulgam-startaplary ösdürmäge hem-de zerur hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen täze bilim başlangyçlaryny döretmek üçin esas bolup hyzmat etjekdigi nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026–2052-nji ýyllarda Türkmenistanyň ýokary bilimini ösdürmegiň strategiýasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar. Bu strategiýa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garamaga hödürlener. Resminama işlenilip taýýarlanylanda tegelek stolda öňe sürlen hemme teklipler hem-de öňdebaryjy halkara tejribesi göz öňünde tutular.

Strategiýanyň taslamasy bilim işini döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ugurlaryny özünde jemlär. Şolaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriň ýanynda innowasion bilim merkezlerini we barlaghanalary döretmek, ylmyň we önümçiligiň ýakynlaşmagyny güýçlendirmek, zähmet bazarynyň ösüşiniň çaklamalaryndan ugur alýan çeýe okuw meýilnamalaryny ornaşdyrmak, iş berijiler bilen özara hereketler we bilim edaralarynyň ählumumy özgertmeler şertlerinde ýurduň ykdysadyýetini degişli derejede üýtgetmäge gatnaşmak ýaly ugurlar bar.