Ï Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň güýz möwsümi täze täsin tapyndylary berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň güýz möwsümi täze täsin tapyndylary berdi

view-icon 2976
Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň güýz möwsümi täze täsin tapyndylary berdi

Türkmen-rus Margiana arheologik ekspedisiýasynyň gadymy Goňurdepe şäherçesinde geçiren meýdan işleriniň güýz möwsüminiň barşynda dini däbe degişli gap, iki taraply daş tumar, 10-dan gowrak möhür we beýleki gyzykly tapyndylar ýüze çykaryldy.

Esasy gazuw-agtaryş işleri Goňurdepe merkezi köşk-ybadathana toplumynyň ýanynda ýerleşýän Goňur 20 hemra şäherçesiniň araçäklerini kesgitlemäge gönükdirildi.

Çaga jaýlanyşy öwrenilende 11 sany möhür tapyldy, olaryň arasynda bir daş möhür diş-diş erňekli dört şöhleli ýyldyzdyr, onuň içine dört sany gülýaprakly gül çekilipdir. Möhüriň arka tarapynda şöhleleriň düýbünde ýerleşen sypjyrykly dörtburçluk bar.

Ganat ýaýyp, tumşuklary, aýaklary we döşleri bilen biri-birine degip duran iki sany guş şekili bolan başga bir tegelek möhüriň aýratyn gymmaty bar. Her guşuň kellesinde gözler, sakgal we horazyňky ýaly kekeç aýdyň görünýär. Olaryň biriniň arkasynda ýarym Aý, beýlekisiniň arkasynda bolsa üç sany nokat bar, bular üç ýyldyzy aňladýan bolsa gerek.

Eger astronomiýa taryhynyň bilermenleri möhürdäki şekiliň ýyldyz toparlarynyň biri hökmünde beýan edilip bilinjekdigini tassyklasa, bu tapyndy Türkmenistanda diňe bir Gün we Aý däl, eýsem, beýleki asman jisimleri şekillendirilen ilkinji we iň gadymy tapyndy bolar.

Goňurdan tapylan möhürler toplumynda dürli ýagdaýda bize gelip ýeten 350-den gowrak möhür bar. Olaryň käbiri ownuk bölekler görnüşinde ýasalypdyr. Silindr görnüşli möhürler iň seýrek duş gelýän möhürlerdir. Ozal Goňurda olaryň diňe bäşisi mälimdi. 2024-nji ýylyň ýaz gazuw agtaryş möwsüminde altynjysy-da tapyldy. Onuň ýüzünde üç sany hyýaly haýwan: iki sany şahly toýnakly we bir ýyrtyjy şekillendirilipdir. Möhüriň düýbünde biri-biriniň guýruk tarapyna kelle tarapy ýerleşdirilen iki sany inçeden oýulyp ýasalan içýanyň şekili bar.

Güýz möwsüminiň tapyndylarynyň arasynda hlorly sabyn daşyndan ýasalan iki taraply daş tumar bar. Onuň bir tarapynda agzyny giňden açyp duran ganatly gajar guşy şekillendirilipdir, guşuň ganatlary tumaryň gapdal ýüzlerine geçip gidýär; ikinji tarapynda bolsa guýrugy we dili agzy açyk ýylanlara meňzeýän öküz bar.

Öwrenilýän goç jaýlanyşynda tapylan dessur gaby Goňuryň mukaddes ýerlerinden we Margiananyň beýleki arheologik ýadygärliklerinden tapylan gaplara meňzeýär. Gabyň erňeginde haýwanlaryň bişen toýun şekilleri, içki diwarlarynda bolsa hinlerinden çykyp barýan ýylan şekilleri ýelmenipdir. W.Sarianidiniň pikiriçe, şunuň ýaly gaplar Soma-Haoma däbiniň içgisi üçin ulanylypdyr we zoroastrizm mifindäki Worukaşa deňzini alamatlandyrypdyr.

Eýsem-de bolsa, bu möwsümde tapylan gaby beýlekilerden düýbüne ýelmenen sülük kysymly geň jandarlaryň bolmagy tapawutlandyrýar. Bu bolsa olaryň Margianada ilkinji gezek tapylyşydyr.

Çuň bolmadyk gazuw-agtaryş çukurlarynyň birinde ekwid kelleçanagy tapyldy. Onuň ölçegleri eşege däl-de, ýa ata, ýa gulana degişli bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Bu bolsa arheozoologlar üçin gyzyklydyr.

Ondan öň Goňurda 8 atyň süňk bölekleri tapyldy. Eger hünärmenler bu galyndylaryň, hakykatdanam, ata degişlidigini tassyklasalar, aýratynam dişli kelleçanagyň gowy saklanandygy göz öňünde tutulsa, bu eýýäm bürünç eýýamynda Türkmenistanyň Günortasynda atyň we seçip alma işiniň bolandygyna goşmaça subutnama bolar. Goňur 20-niň b. e. ö. 3-nji we 2-nji müňýyllyklara degişlidigini göz öňünde tutsak, bu-da Merkezi Aziýanyň Günortasynda ir döwürde at eldekileşdirme merkeziniň bolandygyny tassyklar.

Mary şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Döwlet muzeýinde we Aşgabatdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde saklanýan toplumlar bilen geçirilen iş meýdan agtaryşlarynyň üstüni ýetirdi.

Türkmen-rus Margiana arheologik ekspedisiýasynyň güýz möwsüminde oňa A.S.Puşkin adyndaky Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleri, şol sanda direktoryň orunbasary I.A.Doronçenkow we assirolog G.G.Kolganow dagy-da goşuldy. Bu hyzmatdaşlyk muzeýiň Gadymy Margianada ýüze çykarylan tapyndylaryň Russiýada sergisini geçirmek başlangyjyny goldandygy sebäpli mümkin boldy.

Kärdeşler ýygyndylar bilen tanyşdylar, muzeýleriň ýolbaşçylary, RF-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi I.K.Wolynkin we beýleki diplomatlar, şeýle hem Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmek, goramak we dikeltmek boýunça milli bölümiň başlygy bilen gepleşikler geçirdiler. Netijede, sergi barada umumy düşünje we taýýarlyk meýilnamasy işlenip düzüldi. Çäräni 2027-nji ýylda guramak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşylýar.