Ï «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly bäsleşigiň IV möwsüminiň II oýny geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly bäsleşigiň IV möwsüminiň II oýny geçirildi

view-icon 2471
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly bäsleşigiň IV möwsüminiň II oýny geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly taslamanyň IV möwsüminiň II bäsleşigi geçirildi. Ol ýokary okuw mekdep hem-de onuň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi tarapyndan Türkmenistanyň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.

Düzgüne laýyklykda, bäsleşikde oýunçylaryň sekizisi çykyş etdiler. Olara Aşgabat şäherindäki, ýurdumyzyň Ahal, Lebap, Balkan we Daşoguz welaýatlaryndaky mekdepleriň 11-12-nji synp okuwçylary girdiler.

Syýasata, diplomatiýa, halkara gatnaşyklar ulgamyna bolan umumy gyzyklanmalary hem-de geljekde şol gyzyklanmalaryny hünär ugry arkaly ösdürmäge bolan ymtylmalary bilen birleşen taslama gatnaşyjylar üçin ýeňil bolmadyk sowallar we «Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyga çagyryş» diýen tema boýunça ýumuşlar taýýarlanyldy.

Eminleriň düzümine giren Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Begenç Garaýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnografiýa kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty Mähri Perdeliýewa, professor, Türkmen döwlet maliýe institutynyň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Meretguly Öwliýagulyýew ýokary synp okuwçylaryň bilimlerine, ukyplaryna hem-de taýýarlyklaryna baha berdiler.

Dartgynly, gyzykly we özüne çekiji bäsleşigiň netijeleri boýunça Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dilleri we ynsanperwer ylymlary çuňlaşdyrylyp öwredilýän 143-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Permanmyrat Amanmyradow hem-de Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Jeýhun Hojageldiýew ýeňijiler diýlip yglan edildi.

Bäsleşigiň ýeňijileri we oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň DIM-niň HGI-niň Hormat hatlary we hemaýatkärler hökmünde çykyş eden Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Ýaýdan ok atmak boýunça milli Federasiýasynyň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglandylar.

Ýakyn wagtda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň IV möwsüminiň II bäsleşiginiň geçişini türkmen teletomaşaçylary Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň okuw studiýasy bilen bilelikde onuň ýazgysyny geçiren «Miras» milli teleýaýlymynda seredip bilerler.