«Altyn asyr» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda ýene utuk ýitirdiler.
29-njy tapgyryň Balkanabadyň «Nebitçi» topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnandan soň, »Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary 26-njy tapgyryň senesi süýşürilen duşuşygynda «Merw» toparyndan garaşylmadyk ýagdaýda – 0:1 hasabynda ýeňildi.
Duşuşyk Mary şäherindäki «Sport toplumy» stadionynda geçirildi. Meýdança eýelerine 34-nji minutda Guwanç Berdimyradowyň tora salan topy ýeňiş getirdi.
AFK-2 Çempionlar ligasyna gatnaşýan «Altyn asyr» topary ýaňy-ýakynam milli çempionatda kümüş medallar ugrundaky göreşde öňdebaryjy hasaplanýardy. Emma soňky iki duşuşykda bäş utuk ýitirenden soň Ýazguly Hojageldiýewiň topary milli çempionatda ikinji ýer ugrunda göreşi kynlaşdyrdy.
Mary şäherindäki duşuşykda utulandan soň «Altyn asyr» topary 56 utuk bilen ikinji ýerde barýan «Ahal» toparyndan 5 utuk yza galyp, ýaryşyň tertibinde üçünji orna düşdi. Dogrusy, «Alyn asyr» topary bir oýun az oýnady.
«Merw» topary bolsa ýeňişli duşuşykdan soň dördünji orunda barýan Türkmenbaşy şäherinden «Şagadam» toparyndan (34 utukly) tapawudy 2 utuga çenli azaltdy.
Ozal habar berlişi ýaly, döwlet ähmiýetli şäheriň adybir «Arkadag» topary ikinji ýyl möhletinden öň Türkmenistanyň çempiony boldy.