Ï Türkmenistanda täze okuw kitaplary neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda täze okuw kitaplary neşir edildi

view-icon 2041
Türkmenistanda täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmenistanda ýurdumyzyň orta umumy bilim berýän mekdepleri we ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary neşir edildi. Kitaplar Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi.

Täze neşirleriň hatarynda N.Öwezowa, R.Söýünowa M.Allaberdiýewa tarapyndan işlenilip taýýarlanylan umumy bilim berýän mekdepleriň 11-nji synpy üçin «Iňlis dili (II daşary ýurt dili)» okuw kitaby bar. Ol okatmagyň hem-de terbiýelemegiň häzirki zaman didaktiki ýörelgeleriň, şeýle hem daşary ýurt dillerini okatmagyň döwrebap usullaryny we öňdebaryjy tejribesiniň netijeli ulanylmagy nazarda tutulyp taýýarlanyldy. Kitap iňlis dilinde okamakda, ýazuwda hem-de erkin gürleşmekde okuwçylaryň başarnyklaryny gowulandyrmaga ep-esli derejede mümkinçilik berer.

Şeýle hem awtorlar M.Nurlyýewanyň, O.Garaýewanyň we O.Nuryýewanyň umumy bilim berýän mekdepleriň 3-nji synpy üçin «Nemes dili (I daşary ýurt dili)» okuw kitabynyň 3-nji neşiri çapdan çykdy.

Ol «Meniň mekdebim», «Men we meniň daş-töweregim», «Ýol hereketi», «Pasyllar», «Meniň günüm» ýaly bölümleri hem-de beýlekileri özünde jemleýär.

Owadan suratlar bilen bezelen kitap okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, ýönekeýden çylşyrymla geçmek ýörelgesi esasynda taýýarlanylypdyr. Bu okuw kitaby boýunça okadylmagy okuwçylarda sözleýişiň eşitmek arkaly kabul etmek, okamak, ýazmak, belli bir temalar boýunça gepleşmek, şeýle hem sözlemleri terjime etmek başarnyklarynyň ösdürilmegini, grammatik we orfografik düzgünleriň ulanylmagyny göz öňünde tutýar.

S.Durdyýewiň, L.Starakulowanyň, N.Bazarowanyň «Biologiýa» täze okuw kitaby rus dilinde okadylýan umumy bilim berýän orta mekdepleriň 11-nji synpy üçin niýetlenendir. Bu kitap Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary okatmagy kämilleşdirmek baradaky maksatlara laýyklykda taýýarlanyldy.

Okuw kitaby «Öýjügiň gurluşy we wezipeleri», «Organizmleriň köpelişi we ösüşi», «Genetikanyň we seleksiýanyň esaslary» diýen esasy 3 bölümden ybaratdyr.

Her paragrafyň ahyryndaky meseleler we ýumuşlar okuwçylary olaryň mazmunyny özleşdirmäge, logiki pikirlenmäge we pikirlerini beýan etmäge, şeýle hem alan bilimlerini iş ýüzinde ulanmaga kömek eder. Kitap okuwçylaryň geçilen tema has oňat düşünmeklerini hem-de ony özleşdirmeklerini gazanmak üçin owadan bezelen köpsanly suratlar we tablisalar (olar jemi 60 sany) bilen üpjün edilipdir. Okuw kitabyň mazmuny hemme zerur başarnyklaryň biologiýa dersiniň tassyklanylan okuw maksatnamasyna laýyklykda ösdürilmegine gönükdirilendir.

Täze okuw edebiýatynyň hatarynda ýokary okuw mekdepleriň talyplary üçin okuw gollanmasy hökmünde niýetlenilen «Türkçe-türkmençe sözlük» bar. Onuň awtorlary Ž.Gökleňow we A.Erjilasun. Sözlük häzirki zaman türk edebi dilinde işjeň ulanylýan 20 müňe golaý sözleri hem-de söz düzümlerini özünde jemleýär.

Sözlükde iki doganlyk halkyň dilleriniň taryhy özara baglanyşygy beýan edilýär. Çünki türkmen we türk dilleriniň kökleri birmeňzeşdir we dilleriň ikisi-de gadymy oguz diliniň dowamy hasaplanylýar, olarda umumy sözleriň bolmagy tebigy ýagdaýdyr. Sözlük gadymy oguz sözleriniň kä birleriniň türkmen dilinde, beýlekileriniň bolsa türk dilinde saklanyp galandygyny görkezýär.

Türkmen dilinde bolşy ýaly, türk dilinde-de dürli grammatik görnüşlerde ulanylýan sözler bar. Sözlükde şeýle sözleriň jikme-jik manylary berilýär. Sözlüge «ädimölçär», «nusgalamak», «skuter», «ýapyşdyrgyç», «ýandepderçe», «dakma diş», «tulum tüýdük», «garaşma otagy» ýaly söz düzümleri ilkinji gezek girizildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen we türk dilleriniň deňeşdirme barlagy dil biliminde täze ugra öwrüldi. Bu ýagdaý gepleşik sözlükleri bilen bir hatarda, dilleri öwrenýänler üçin iki dilli hem-de köp dilli sözlüklere isleg döredýär. Şunuň bilen baglylykda, täze «Türkçe-türkmençe sözlük» kitabynyň neşir edilmegi diňe talyplar üçin däl, eýsem türkmen-türk dil baglanyşmalary bilen gyzyklanýanlar, okuw merkezlerinde ýa-da özbaşdak türkmen we türk dillerini öwrenýänler üçin uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem sözlük işewürler, jahankeşdeler we terjimeçiler üçin peýdaly bolar.

«Halkara gatnaşyklarynyň teoriýasy» uly isleg bildirilýän we işine ökde halkaraçy hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen bilim ulgamynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň birine öwrülen ýokary okuw mekdepleriň talyplaryna niýetlenilen täze okuw kitabydyr.

Bu kitap tassyklanylan okuw maksatnamasyna hem-de degişli ders boýunça bilim standartlaryna laýyklykda halkara gatnaşyklarynyň esasy düşünjelerini beýan edýär. Kitapda halkara gatnaşyklarynyň nazaryýetiniň düýpli ýörelgeleri we ugurlary, logiki, ylmy we maksatnamalaýyn esasly, usulyýetler we usullar, halkara gatnaşyklaryny alyp barmagyň hukuk esaslary, halkara gatnaşyklarynyň nazaryýetiniň esasy paradigmalary, türkmen syýasatynyň orny we ähmiýeti beýan edilendir. Halkara gatnaşyklarynyň nazaryýetinde Bitaraplyk syýasaty, halkara gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn nazaryýeti hem-de nazary meseleler boýunça beýleki doly maglumatlar getirilýär.

Kitap halkara gatnaşyklary we diplomatiýa ulgamynda geljekki hünärmenlere bildirilýän häzirki zaman talaplary göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.

Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde döwrebap okuw kitaplaryny işläp düzmek, taýýarlamak we neşir etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Olaryň yzygiderli çap edilmegi ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin giň mümkinçilikleri açyp, ylymlary has ösen derejede öwrenmäge, täze möhüm bilimleri ele almaga, dürli dersler boýunça sowatlylyk hem-de taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmaga kömek edýär.