35 ýaşly türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow garyşyk söweş sungaty (MMA) boýunça ýarymagyr agramda «Professional Fighters League» (PFL) Baş baýragynyň finalynda amerikaly Impa Kasanganaýy ýeňdi.
Tutluşyk Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherindäki «King Saud University» arenasynda boldy.
D.Ýagşymyradow bilen tutluşykdan öň 30 ýaşly Impa Kasanganaýyň netijeleri gowudy – boýy 183 sm bu türgen 17 gezek ýeňiş gazanyp, 4 gezek ýeňlipdi. Şeýle bolsa-da, türkmenistanly pälwana bir minut hem garşylyk görkezip bilmedi. D.Ýagşymyradow 58-nji sekuntda garşydaşyny nokauta iberdi.
Bu ýeňiş ildeşimize ýarymagyr agramda «PFL-iň» çempiony guşagyny getirdi.
«Professional Fighters League» (iňlis dilinden «Ýokary hünär söweşijiler ligasy») ozalky «World Series of Fighting» Amerikanyň garyşyk başa-baş söweş ýaryşlaryny gurnaýan söweş guramasydyr.
Ýeňşinden soň D.Ýagşymyradow bagtyýardygyny aýtdy we goldawy üçin ähli janköýerlere hoşallyk bildirdi.
Geljekki 2025-nji ýylyň möwsümi barada pikiri sowal berlende D. Ýagşymyradow:
– Elbetde, şeýle pikir edýärin. Indiki hepde ýaryşmaga-da taýyn – diýip, jogap berdi.
Döwletjan Ýagşymyradow Türkmenabatda doglan. 6 ýaşynda ilki karate bilen meşgullanyp başlady. 11 ýaşynda deň-duşlarynyň arasynda sportuň şu görnüşinde Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazandy. Soňra hanmudo boýunça milli ýaryşynda birinji ýeri eýeledi.
7-nji synpda Döwletjan Ýagşymyradow kikboksinge geçdi. Goşun hatarynda gullukdan soň, ol Harkowyň ykdysady milli uniwersitetiniň menejment we marketing fakultetine okuwa girdi. Şol şäherde hem türgen ýokary hünär garyşyk başa-baş söweşde üstünlik gazanyp başlady. Orta ýeňil agram derejesinde «Oplot Challenge» ýaryşynda ýeňiş gazanan Ýagşymyradow soňra Russiýanyň MMA guramalarynda çempionlyk derejesini alan Türkmenistanyň ilkinji wekili boldy.
2018-nji ýylyň maý aýynda Döwletjan Ýagşymyradow Moskwanyň «Olimpiýa» sport toplumynda bu derejäniň häzirki eýesi russiýaly Batraz Agnaýewi ýeňip, ýarymagyr agramda (93 kilograma çenli) «АСВ-niň» (Absolute Championship Berkut) çempiony boldy. 2019-njy ýylda Warşawada dördünji tapgyra tehniki nokaut bilen esasy tutluşykda polýak Karol Selinskiden üstün çykyp, birleşen liganyň «Absolute Championship Akhmat» (ACA 92) ýaryşynyň birinji guşagyny eýeledi. Şol ýyl Döwletjan Ýagşymyradow Sankt-Peterburgdaky «Sibur Arenada» russiýaly Alekseý Butorini ýeňip, şol agramda «ACA 92» çempiony adyny gorady.
2020-nji ýylyň dekabrynda Döwletjan Ýagşymyradow Bellatoryň mahabaty bilen şertnama baglaşdy we bu guramanyň Türkmenistandan ilkinji pälwany boldy. Indi bolsa ol ýurdumyzdan ilkinji «PFL-iň» çempiony boldy. 2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda geçirilen bu ýaryşyň ýarym finalynda Döwletjan Ýagşymyradow awstraliýaly Rob Wilkinsony eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi.
Ýeri gelende bellesek, D.Ýagşymyradow 25 ýeňiş gazandy, ýedi gezek ýeňlişe sezewar boldy we bir söweşi deň tamamlady.