Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gyşynyň tenekär säheriniň has irki pursatlarynda täzeçil tehnologiýa esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň mynasyp bolan halkara Güwänamalary we bu ýerde gurulmagy hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy Fransiýanyň «Bouygues Batiment International» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen duşuşdy.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.
Ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän hem-de «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi.
Gyş paslynyň bu pursatlarynda Arkadag şäheriniň keşbinde özboluşly gözellik duýulýar. Täze şäheriň älemgoşar öwüşginli yşyklary ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki döwrüň talabyna we milli binagärlik ýörelgelerine laýyk derejede amala aşyrylýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilýän pursatlarynda mynasyp bolan ýokary döwlet sylaglary bilen Arkadag şäheriniň ähli ilatynyň adyndan tüýs ýürekden gutladylar we Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Şeýle hem D.Orazow Arkadag şäheriniň ýörite wekiliýetiniň Awstriýanyň Wena şäherine iş saparyna gidip, ol ýerde Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna mynasyp bolan sylagyny we Güwänamalary alyp gelmäge döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol täze şäheriň binagärlik we ekologiýa derejesi mynasybetli gowşurylan baýragy hem-de degişli Güwänamalary görkezdi we Gahryman Arkadagymyzy täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulýan lukmançylyk klasteriniň önümleriniň we ösüşiniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aňladýan bu çözgüt bilen gutlady.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň halkara baýraklaryna we Güwänamalaryna mynasyp bolmagynyň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini belledi. Aýratyn-da, Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň halkara derejesinde hasaba alynmagy, Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasynyň Halkara býurosynyň ýörite Güwänamasy arkaly Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleriniň harytlyk nyşanlarynyň tassyklanylmagy ägirt uly ösüşdir.
Şeýle hem Arkadag şäherine döwrüň beýik gudraty derejesiniň we täze şähere hil dolandyryş ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar we gazanylýan üstünlikler netijesinde Arkadag şäheri «Hil saýlawy – 2024» nyşany bolan «Daimond» (Göwher) derejesi berildi.
Munuň özi lukmançylyk klasteriniň saglygy goraýyşa degişli serişdeleriniň, çagalar iýmitleriniň, zyýansyzlandyryş sargylarynyň we stomatologiýa ulgamyna degişli önümleriň hil derejesiniň halkara tassyklanmasydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň intellektual eýeçiligi ösdürmek boýunça öňe süren başlangyçlarynyň oňyn netije berýändigini görkezýär.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly bu ýerde goýlan şekil taslamalaryň üsti bilen hasabat berdi.
Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterine degişli binalaryň, söwda we işewürlik merkeziniň, Gökdepe şaýolunyň ugrunda üstaşyr geçýän köpriniň şekil taslamalary we täze köpriniň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň Akhan binasyndan Taýçanak binasyna çenli bolan ýoluň durkuny täzelemek, köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylýan möwsüminde ekiljek baglaryň görnüşleri babatda maglumat berildi.
Gahryman Arkadagymyz görkezilýän şekil taslamalary synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz durmuş maksatly binalaryň hersiniň ähmiýetine laýyklykda aýratynlykda ýerleşdirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem täze köpriniň bezeg işlerinde Arkadag şäheriniň mynasyp bolan halkara Güwänamalarynyň şekilleriniň ýerleşdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda öwüt-nesihatlaryny berdi.
Alym Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň ylmy esasda öwrenilmeginiň, olaryň bu künjegiň toprak-howa şertlerine laýyk gelmeginiň wajypdygyny belledi we şäheriň ekologiýa derejesiniň has-da sagdynlaşmagynda ähmiýetli bolan seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda täze şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalar we Arkadag şäherinde Täze ýyly mynasyp garşylamak ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalarda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Şol bir wagtyň özünde, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerine maýa goýum serişdelerini çekmek bilen baglanyşykly meseleler hakynda maglumat berildi.
Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmagyň, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň we gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini ýola goýmagyň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde, täze şäheriň önümçilik maksatly desgalarynyň, lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna maýa goýum serişdelerini çekmek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmek zerurdyr.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işleri bilen bir hatarda, Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede garşylamak ugrunda görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramynyň hormatyna guralýan dabaralar Arkadag şäheriniň ähli künjegini gurşap alar.
Hemmeler üçin söýgüli sene hasaplanylýan Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralary täsirli wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý bolmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň öz beýanyny tapmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäherinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadançylyk işleri täze şäheriň häzirki zaman keşbine we onuň derejesine laýyk gelmelidir. Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde şäheriň bezeg işleriniň derejesi häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa halkymyzdan gelip gowuşýan köpsanly teklipleri we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ýüztutmalaryny nazara alyp, Gahryman Arkadagymyzdan 2025-nji ýylda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini Arkadag şäherinde geçirmek baradaky teklibi Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýetirmegi haýyş etdiler.
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda «2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilendigini belläp, bu çözgüdiň türkmen halkynyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerine we ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna mahsusdygyny aýtdy. Çünki parahat türkmen ilinde tutuş adamzat ähmiýetli maslahatlar agzybirlikde, halkymyz bilen ylalaşykda geçirilýär.
Bu barada bellemek bilen, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ýolbaşçylarynyň tekliplerini hormatly Prezidentimize ýetirjekdigini aýtdy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň teklibi makullan halatynda degişli taýýarlyk işlerine girişmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de iş maslahatyny jemledi.
Soňra bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy Fransiýanyň «Bouygues Turkmen» kompaniýasynyň baş direktory A.Reşow bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Işewür özüniň wekilçilik edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň ýerine ýetirilişi, işleriň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän tagallalar we geljekde ýerine ýetirmeli işleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli iş alyp barmaklary ugrunda ähli zerur şertler üpjün edildi. Bu bolsa amala aşyrylýan taslamalaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň we amala aşyrylýan işleriň ilerlemeginiň baş şertini emele getirýär.
Gahryman Arkadagymyz «Bouygues Turkmen» kompaniýasynyň ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýandygyny, şu geçen döwürde bu kompaniýanyň özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalaryň wajyp ugurlaryny kesgitlemegiň möhümdigini belläp, Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işlerinde döwrebap serişdeleriň ulanylmalydygyna ünsi çekdi.
Işewür bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň ýurduň gurluşyk we senagat kuwwatlyklarynyň artmagyna mynasyp goşantdygyny duýmagyň özleri üçin uly buýsançdygyny belläp, mundan beýläk-de, Türkmenistanda şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde özlerine ynanylan gurluşyk işleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Şeýle hem «Bouygues Turkmen» kompaniýasynyň baş direktory Alekseý Reşow Gahryman Arkadagymyz bilen bolan duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde wekilçilik edýän kompaniýasynyň ýerine ýetirýän gurluşyklary we geljekde alnyp barmaly işleriniň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda bina edilýän önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şunda gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler berklik, uzakmöhletleýinlik derejesine doly laýyk gelmelidir we ýerli tebigy aýratynlyklara we ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işlerinde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny aýratyn belläp, kesgitlenen wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde myhmana üstünlik arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparyny tamamlap, hemmelere alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.