Ï Türkmenistanyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi

view-icon 251
Türkmenistanyň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi

Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryndan ybarat wekiliýet paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerine aýlandy.

Duşuşyklar döwrebap bilim edaralaryny hem-de ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça tehnologiýalar we innowasiýalar merkezlerini döretmek, ýokary okuw mekdeplerde ylym-bilim we önümçilik özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin netijeli usulyýeti işläp taýýarlamak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilýän işler bilen tanyşmak maksady bilen geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, wekiliýetiň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşygy bolup geçdi.

Uniwersitetiň rektory G.Mezilow bilim, ylym we önümçilik ulgamlarynda özara gatnaşyklary ýola goýmak babatda ýokary okuw mekdepde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň berdi.

Soňra ýokary okuw mekdebiň myhmanlary barlag işleri hem-de uniwersitetiň düzüminde ýerleşýän Umumy we amaly biologiýa institutynyň barlaghanalarynda we «Oguzhan» ylmy-tehnologik merkeziň ylmy-önümçilik bölümlerinde ylmy taslamalaryň taýýarlanylyşy bilen jikme-jik tanyşdylar.

Wekiliýetiň agzalary «Goşmaça we üznüksiz bilim» atly okuw merkezde okuw işlerini, «Kibersport» merkezinde sport türgenleşikleriniň hem-de ýokary okuw mekdebiň intellektual klubundaky işleriň barşyny aýratyn gyzyklanma bilen synladylar.

Duşuşygyň çäklerinde ýokary okuw mekdep tarapyndan ýurduň ýokary synp mekdep okuwçylary üçin her ýyl geçirilýän «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly utgaşdyrylan olimpiadanyň, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli ýaşlaryň arasynda guralýan innowasion taslamalaryň sergi-bäsleşiginiň ähmiýeti nygtaldy.

Çäräniň ahyrynda ylym-bilim we önümçilik gatnaşyklaryny yzygiderli esasda ýola goýmagyň meseleleri bilelikde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem ýurduň bilim ministriniň ýolbaşçylygyndaky öňdebaryjy türkmen ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryndan ybarat wekiliýet Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna baryp gördi. Bu ýerde hormatly myhmanlar üçin «Bilim, ylym we senagat» atly sergi guralyp, onda ýokary okuw mekdebiň Ýaş alymlar geňeşiniň agzalary tarapyndan döredilen onlarça ylmy taslamalar görkezildi.

Institutyň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň sergi işlerine programma üpjünçiligi, elektronika, robot tehnikasy ulgamlaryndaky taslamalar girip, olarda awtorlaryň täze pikirleri hem-de döwrebap çözgütleri, özboluşly döredijilik we ylmy çemeleşmeleri beýan edildi.

Duşuşygyň dowamynda bilim ministri ylmyň, bilimiň we önümçiligiň ýakyndan utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny we ähmiýetini belläp, onuň üstünlige beslenmeginiň ýurduň innowasion ösüşine, ykdysady taýdan abadançylygyna mynasyp goşant goşup bilýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň girewi bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistanyň bilim ministri ylmy we önümçiligiň üznüksiz gatnaşyklaryny üpjün etmegiň, bu ugurda işleri üstünlikli alyp barmak üçin zerur şertleri döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Ählumumylaşma hem-de tehnologiýalaryň okgunly ösýän şertlerinde ylym, bilim we önümçilik institutlarynyň hyzmatdaşlyk etmeginiň durnukly ösüşiň zerur şertine öwrülýändigi bellenildi. Türkmenistan bu maksatlary amala aşyrmak ýörelgesine ynamly eýerýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna gönükdirilen täze bilim maksatnamalary ornaşdyrylýar, bu bolsa çylşyrymly wezipeleri çözüp bilýän we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen başarnykly işlemäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Ylmy işler talyplara umumy bilimleri almak bilen birlikde, taslamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi, zähmet bazarynda olaryň iş başarnygyny we bäsleşige ukyplylygyny ep-esli artdyrýar.

Ýokary okuw mekdepdäki sergi myhmanlara bilim, ylym we innowasiýalar ulgamynda institutyň ýaş alymlarynyň gazananlaryny giňden görkezdi, şeýle hem ylmy-önümçilik binýady ösdürmegiň geljegini, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen baglanyşykly barlag işlerini ara alyp maslahatlaşmak, toplanan tejribäni baýlaşdyrmak hem-de bu ugurda geljekki ileri tutulýan maksatlar üçin netijeli meýdança öwrüldi.