Ï Ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary Daşkentde geçirilen halkara maslahata gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary Daşkentde geçirilen halkara maslahata gatnaşdylar

view-icon 221
Ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary Daşkentde geçirilen halkara maslahata gatnaşdylar

Türkmen wekiliýeti 9-11-nji ýanwar aralygynda Britan geňeşi guramasynyň başlangyjy bilen Daşkentdäki Özbek döwlet diller uniwersitetinde ýola goýlan iňlis dili boýunça hünärmenleriň we mugallymlaryň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça halkara maslahatyna gatnaşdy.

Maslahat Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegi ösdürmek, şeýle hem iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamak boýunça maksatnamalar çäginde üznüksiz hünär ösüşiniň we tejribäniň ähmiýeti mowzuklaryna bagyşlanypdy.

Bu halkara duşuşyk Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň iňlis dilini öwredýän hünärmenlerini we ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Halkara maslahata Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar döwlet bilim edaralarynda iňlis dilini okatmagyň esasy ugurlary, mugallym taýýarlamakda üznüksiz hünär ösüşiniň we tejribäniň ähmiýeti hem okuwçylaryň dil ukybyna baha bermek üçin anyk ölçegleri işläp düzmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hünärmenler mugallym taýýarlamakda nazary bilim bermekden amaly endikleri ösdürmäge geçmegiň, şeýle hem okuw meýilnamalaryny halkara ülňülerine laýyklykda täzelemegiň möhümdigini bellediler.

Maslahata gatnaşanlar Merkezi Aziýa ýurtlarynda iňlis dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmak boýunça edilýän tagallalaryň bir bölegi hökmünde maslahatyň ähmiýetini nygtadylar we bu ýerde alnan bilimiň mugallymlaryň işiniň netijeliliginiň ýokarlanmagyna uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.