Ýaşlygymdan başlap, nirede bolsam-da, irden ylgamagy endigime öwürdim. Ine täze ýaşaýan ýerimde-de, ýaşaýan jaýymdan uzak bolmadyk ýerde «Köpetdag» stadionynyň ýerleşmegi bähbidime boldy we bu meniň ajaýyp endigimi dowam etmegime mümkinçilik berdi.
Irden bolsa stadionda hemişe adamlar köp bolýar: kimler meniň ýaly ylgaýar, beýlekiler sport bölümlerine gatnaşýarlar, ýene birleri bu ýerde işleýärler.
Bir gezek, nobatdaky ylgawa çykan wagtym çal saç ýaşulynyň çylşyrymly gimnastika maşklaryny ussatlarça ýerine ýetirýändigine gözüm düşdi. Göwnüme bolmasa ol öňki döwürlerinde professional sport bilen meşgullanýana çalymdaşdy. Mende gyzyklanma döräp, tanyşmak kararyna geldim.
Nobatdaky ylgamagymdan soň, ýadanym sebäpli, oturgyçda biraz dem-dynç almagy oňa teklip etdim. Ol döwtalap boldy. Biziň aramyzda söhbetdeşlik döredi. Meniň söhbetdeşimiň ozal, hakykatdan-da, ýokary derejeli türgen Tagir Alikperowiç Agaýew bolandygy belli boldy. Onuň sport ulgamynda durmuşy geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda başlapdy. Ýetginjek wagty meniň söhbetdeşim sambo göreşi bilen meşgullanyp başlan ilkinjileriň biriniň hatarynda bolupdy. Türkmenistanda şol wagt sambo ýaňy-ýaňylar ösüşine başlapdy.
Tagiriň çagalygy uruşdan soňky çylşyrymly döwre gabat geldi. Ol bolsa soňlugy bilen 1948-nji ýylyň elhenç ýer titremesi bilen has-da çylşyrymlaşdy. Ýetginjek okuwlaryny Aşgabadyň abatlaýyş-mehanika zawodynda elektrik kebşirleýji bolup işlemek bilen utgaşdyrýardy. Şol ýerde hem Tagir erkin göreşiň pälwany Ýuriý Gubaýew bilen tanşypdyr. Pälwan hem göreşde öz güýjüni synap görmegi oňa maslahat beripdir. Şeýdip Tagir «Dinamo» sport jemgyýetine gelip, sambo bölümine düşüpdir.
Ýaş pälwanyň ilkinji halypasy türkmen sambosynyň düýbüni tutujylarynyň biri, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri Pawel Mihaýlowiç Bugrow bolupdyr. Şol wagt «Dinamo» sport jemgyýeti ozalky Soýuzyň köp Respublikalarynda işjeň hereket edýärdi.
Meniň söhbetdeşim özüniň ilkinji ýaryşlaryny aýratyn mähir bilen ýatlaýar: 1965-nji ýylyň martynda Aşgabatda «Dinamo» jemgyýetiniň Gyşky spartakiadasy geçirilipdir. Ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşda ol üçünji orny eýeläpdir. Bu bolsa onuň sport ulgamynda ilkinji we uly ädimi bolupdyr. Soňlugy bilen onuň üstünlikleri diňe artmak bilen bolupdyr, ol VII Aşgabat spartakiadasy bilen birlikde ençeme ýaryşlaryň ýeňijisi bolupdyr.
Onuň ilkinji halkara ýaryşlary hem üstünlige beslenipdir. 1965-nji ýylda Puşkinoda (Russiýa, Leningrad oblasty) «Dinamo» bedenterbiýe-sport jemgyýeti «Ýaş dinamoçy» spartakiadasyny gurapdyr. Şol ýaryşda Tagir 58 kg agram derejesindäki pälwanlaryň arasynda Gruziýanyň, Latwiýanyň we Russiýanyň pälwanlaryndan üstün çykyp ikinji orny eýeläpdir.
1965-nji ýylyň noýabr aýynda Daşkentde geçirilen Özbegistanyň açyk birinjiligi ugrundaky ýaryş hem Tagir Agaýew üçin üstünlikli boldy. Ol ikinji orny eýeledi. Finalda Türkmenistana bir wagtyň özünde samboçylaryň dördüsiniň wekilçilik edendigi, olaryň biriniň – Gennadiý Perepýolkiniň bolsa şonda çempion bolandygy bellärliklidir.
Wagtyň geçmegi bilen Tagir Alikperowiç öz başarnyklaryny ep-esli gowulandyrdy, bu bolsa oňa güýçlüleriň arasynda pugta orun eýelemäge mümkinçilik berdi. 1967-nji ýylda sambo boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionaty geçirildi we Tagir ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, ýurduň ilkinji çempionlarynyň biri boldy.
Sporta bolan höwes Tagiri goşun gullugynda hem erkine goýmady. 1968-nji ýylda harby gullukçy döwründe-de ol dürli ýaryşlaryň ýeňijileriniň hatarynda boldy.
Tagir Agaýew ýurdumyzyň sambosynyň ösüşine uly goşant goşdy. Ol milli we halkara ýaryşlarynda ýene-de köp wagtlap baýrakly orunlary eýelemegini dowam etdi. 1983-nji ýylda bolsa Aşgabatda Türkmen oba hojalyk institutynyň ykdysadyýet fakultetini gaýybana üstünlikli tamamlap, ulag ulgamynyň kärhanalarynda işledi. Mundan başga-da, Tagir Agaýew ylmy işler bilen meşgullandy. 1994-nji ýylda ol «Oba hojalygynda ulaglaryň netijeliligi» diýen tema boýunça kandidatlyk dissertasiýasyny üstünlikli gorady hem-de ykdysady ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesini aldy.
Respublika Tagir Agaýewiň zähmetine mynasyp baha berdi: 1996-njy ýylda oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal gowşuryldy.
Özüniň ähli hyzmatlaryna garamazdan, zähmet weterany we tejribeli samboçy häzirki günlerde-de zähmet çekmegini dowam edýär, özü-de, işlerini örän üstünlikli alyp barýar. Häzirki wagtda ol «TürkmenawtoGaz» sebitleýin tehniki merkeziniň Baş direktory. Öz hünär işinden başga-da, Tagir Alikperowiç şanly senelere bagyşlanylan sport ýaryşlaryny guramaga işjeň gatnaşýar, şeýle hem haýyr-sahawat bilen meşgullanýar. Onuň ýolbaşçylygynda kärhana çagalar öýlerinde terbiýelenýänlere ýüzlerçe welosipedleri sowgat berdi. Şeýle çäreleriň biri Balkanabat şäher çagalar öýünde geçirildi. Oňa rus kosmonawty Musa Manarowyň gatnaşmagy çäräniň aýratyn täsirli pursadyna öwrüldi. Ýakynda bolsa Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda geçirilen ýaryşda ol sambo boýunça ýaryşlaryň baş emini boldy. Bu ýaryş Bilim ministrligi hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.
– Ýaş döwrümizde sport bilen meşgullanmak üçin häzirki ýaly şertler bizde ýokdy. Häzirki ajaýyp şertler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýardam bermegi netijesinde mümkin boldy. Tutuş ýurt boýunça köp sanly sport desgalary guruldy we hereket edýär. Şolarda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin hemme mümkinçilikler bar. Biziň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan ägirt uly sport toplumy bolup, onuň sebitde deňi-taýy ýokdur. Olimpiýa şäherjiginde köp sanly halkara ýaryşlary geçirilýär: 2017-nji ýylda bu ýerde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi. Şol oýunlaryň maksatnamasyna sportuň beýleki görnüşlerinden başga-da, sambo göreşiniň hem girizilendigi meniň üçin aýratyn guwançlydyr. Häzirki wagt hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasy ýörelgeleriniň netijesinde türkmen sporty ägirt uly üstünlikleriň ýoly bilen öňe barýar. Biziň türgenlerimiz bolsa halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeläp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler. Men samboçy weteran bolmak bilen ýaş türgenlerimize diňe üstünlikleri hem-de ýeňiş gazanmaklaryny arzuw edýärin.