Ï Täze kärhananyň kämil önümleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze kärhananyň kämil önümleri

view-icon 2088
Täze kärhananyň kämil önümleri
camera-icon
Merdan Orazow

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döredilýän giň şertler özüniň oňyn netijelerini berýär.

Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde aýratyn orna eýe bolýan telekeçilik ulgamynyň häzirki wagtda öndüriji güýje öwrülmegi, bu ulgamyň öndürýän azyk we senagat önümleriniň halkara ülňülerine laýyk gelmegi bu pudagyň önümlerini diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary bazarlarda hem islegli harytlara öwürýär. Ýurdumyzda telekeçiler üçin döredilýän şertler netijesinde täze häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen önümçilikleriň sany barha artýar. 

Şeýle kärhanalaryň biri hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäherinde 2024-nji ýylda işe girizilen, taýýar önümler, ýagny uly göwrümli elektrik enjamlary, mebel tagtalary, dürli gurluşyk serişdeleri, pagta kipleri we beýlekiler gaplanylanda baglamak üçin ulanylýan gaplama baglaryny öndürýän kärhanadyr. Kärhanada Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen kuwwatly enjamlaryň ornaşdyrylmagy önümleriň ýokary hil derejesini üpjün edýär. Bu ýerde öndürilýän gaplama baglarynyň ini 12 millimetrden 22 millimetre çenli, galyňlygy bolsa 0,6 millimetrden 2 millimetre barabardyr. 

Täze kärhananyň önümçilik kuwwaty her sagatda 200-250 kilograma, bir gije-gündiziň dowamynda bolsa, 5 tonna deňdir. Häzirki wagtda kärhananyň önüm öndürmek depgininiň barha artýan döwründe her günde 3,5 tonna ýokary hilli önüm öndürilýär. Önümçilik kärhanasynyň ýene-de bir aýratynlygy onuň öň ulanylan plastik gaplary çig mal hökmünde peýdalanmagydyr. Bu bolsa ekologik, ýagny daşky gurşawy goramak boýunça hem örän ähmiýetlidir. Önümçilikde ulanyşdan galan plastik gaplar ýörite enjamlaryň kömegi bilen owradylýar, soňra garyşdyryjy, gyzdyryjy we erediji ekstruder çeleklerinden geçirilýär. Ekstruder plastik materiallar gaýtadan işlenilende we polimer materiallardan önüm öndürmekde ulanylýan önümçilik enjamydyr. 

Soňra eredilen plastikler dürli gyzdyryjy we sowadyjy enjamlardan geçirilip, häzirki wagtda ulanylýan iň ynamly we berk poliester önümleri — PET gaplama baglary alynýar. Bu ýerde öndürilýän önümleriň hil derejesini, esasan, hem berkligini synagdan geçirýän barlaghana hereket edýär. Kärhananyň işe girizilenine köp wagt geçmedik hem bolsa, bu ýerde öndürilýän önümler eýýäm içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolýar. 

Kärhanada öndürilen taýýar önümleriň, ýagny gaplama baglarynyň Türkiýe, Gruziýa, Özbegistan ýaly döwletlere eksport edilmegi önümçiligiň halkara möçberinde ykrar edilendiginiň subutnamasydyr. Häzirki wagtda kärhananyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça hem işler alnyp barylýar.