Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfonik orkestri meşhur hindi aktýory we kinorežissýory Raj Kapuryň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli hindi sazydyr tansynyň konserti bilen çykyş etdi.
Konsert Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy. Bu ýere hindi aýdym-sazynyň, ilkinji nobatda-da, Raj Kapuryň muşdaklary ýygnandy. Konserti, elbetde, «Jenap 420» filminiň gahrymanynyň keşbindäki Raj Kapur açdy. «Surat deý lybasly boldum...» diýen sözler ýylgyryp duran Raj Kapuryň agzyndan çykdy we köp sanly tomaşaçyny çagalyk ýyllaryna alyp gitdi. Bu aýdym şol döwürde her howluda aýdylýardy. Sahnada bolsa ony Bahram Huseýinow ýerine ýetirdi, özi-de şeýle bir aýtdy welin, ony Raj Kapurdyr öýdýärdiň. Ondan soň Bahram Huseýinow «Sergezdan» filminden bir aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Ekranda «Zita we Gita» filminden kadrlar peýda bolan badyna, tomaşaçylar agzybirlik bilen el çarpyp başladylar. Bu çykyşy Bahram Huseýinow bilen bilelikde Täçnabat Ýomudowa we Türkmenistanyň tans ansambly ýerine ýetirdi. Çykyşlarda hemme zat – Täçnabadyň ýiti we belent sesi-de, tansçylaryň hereketleriniň deňligi-de haýran galdyrýardy. Ekrandaky tans sahnadaky tans bilen jüp düşýärdi we biziň artistlerimiz hindiler bilen bilelikde tans edýän ýalydy.
Konsert maksatnamasynda «Andaz», «Dewdas», «Gaçyrylmadyk gelin», «Ar alyş we kanun», «Alibaba we 40 garakçy», «Disko tansçysy» we beýleki kinofilmlerden aýdymlar ýaňlandy.
Döwlet simfonik orkestrinden aýdymçy Gözel Annahanowa, Gülzada Gürgenowa, Döwran Şammyýew we Mansur Şaripow dagy çykyş edip, ýerine ýetiriş ussatlygy bilen tomaşaçylary haýran galdyrdy.
Konsert diňe bir tomaşaçylara däl, eýsem, artistlere-de deňsiz-taýsyz lezzet berdi.