Ï Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygy bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygy bellenildi

view-icon 311
Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygy bellenildi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde Türkmenistanyň halk bagşysy, meşhur Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy.

Konsertden öň konserwatoriýanyň işgärleri we çagyrylan myhmanlar çykyş edip, tomaşaçylara ýurdumyzda iň meşhur bagşylaryň biri Sahy Jepbarowyň ömri hem döredijiligi barada gürrüň berdiler. 

Konserwatoriýanyň professory, Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Nurymow Sahy Jepbarow bilen baglanyşykly ýatlamalaryny gürrüň berdi. Heniz ýaş sazanda döwri Sahy Jepbarow ansamblynda işlän halypa ussadyň talapkärligini henizem ýadyndan çykarmaýar. Türkmenistanyň halk artisti Amanöwez Saparow Türkmenistanyň dürli künjeklerinden zehinli sazandalary birleşdiren bagşylaryň Ahal mekdebiniň döreden Sahy Jepbarow hakda ýygnananlara gürrüň berdi. 

Sahy Jepbarowyň türkmen halk sazynyň genetiki koduny berkitmekdäki goşandynyň belli bahasy ýokdur. Arhiw wideo ýazgylaryndan bagşyçylyk başarnygyny öwrenýän ýaş nesliň bagşylaryna ol ähli babatda nusgadyr.

Konsert Türkmenistanyň halk bagşysy Rejepdurdy Begenjowyň ýerine ýetirmeginde Sahy Jepbarowyň sazyna döredilen «Altyň biri» aýdymy bilen açyldy. Dutaryň melul ediji owazy konserwatoriýanyň talyplaryna halk kompozitorynyň döredijilik dünýäsini açyp görkezdi.


Türkmenistanyň halk artistleri Baýrammyrat Söýünow bilen Kyýas Durdyýew Sahy Jepbarowyň äheňinde «Gelinler» atly halk aýdymyny ýerine ýetirdiler. Aýdym ady rowaýata öwrülen bagşynyň zehinini açyp görkezdi.

Konsertde Sahy Jepbarowyň ýurdumyzyň aýdym-saz sungatynyň Altyn gaznasyna giren aýdymlary ýaňlandy. Olaryň arasynda «Ýaýlaklary bar», «Pagtaçy gözel», «Mugallyma gyz» we beýleki aýdymlar bardy.

Konsert Işanmuhammet Gündogdyýewiň sazyna halk saz gurallary ansamblynyň ýerine ýetirmeginde döwrümiziň aýdymy – «Arkadag Serdarly, Berkarar Watan» aýdymy bilen jemlendi.

Konserte gatnaşyjylaryň çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Sahy Jepbarowyň sazlary bizi türkmen aýdym-saz medeniýetiniň gözbaşlaryna has ýakynlaşdyrdy.