Uly buýsanç bilen dowam edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynda gurulýan dürli derejeli dabaralar, maslahatlar, bäsleşikler, sergiler baý mazmuna, aýratyn ähmiýete beslenýär. Şeýle döredijilik duşuşyklary Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda welaýatyň çar künjeginde ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi.
«Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly!» atly şygar bilen welaýatyň Türkmenbaşy etrabynyň Belek şäherçesiniň medeniýet öýünde, Balkanabat şäherindäki welaýat kitaphanasynda, Gyzylarbat etrabynyň Janahyr şäherçe medeniýet öýünde geçen duşuşyklar has-da täsirli boldy. Bu duşuşyklara «Biznes reklama» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň ýokary derejeli drama artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarow, Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ilşat Annamämmedow, şeýle-de welaýatyň döredijilik işgärleri işjeň gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulanýar. Ata Watanymyzyň her bir güni buýsançly wakalara beslenýär.
Döredijilik duşuşyklarynyň dowamynda edilen çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Şahyrlar ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerini özleriniň täze ýazan goşgularynyň üsti bilen wasp etdiler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň has-da gülläp ösmegi, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylmagy, halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden aýdylan alkyşlar döredijilik duşuşyklarynda edilen çykyşlaryň özenini düzdi.
Belentden tutulan dabaralarda edilen buýsançly çykyşlar bolsa Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza, taryhy eýýamymyza, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bolan mizemez söýgi-buýsanjyň aýdyň beýanyna öwrüldi.