Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli, milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň gazananlaryny we mümkinçiliklerini görkezýän giň gerimli sergi öz işine başlady.
Şu gezekki gözden geçirilişe ýurdumyzyň dürli ugurlarda iş alyp barýan hususy kärhanalarynyň 130-a golaýy gatnaşýar.
Telekeçilik we döredijilik başlangyçlaryny goldamak arkaly milli amaly-haşam sungatynyň täsin ýörelgelerini gorap saklamak barha giň gerime eýe bolýan milli işewürligiň wezipesi bolmagynda galýar. Sergide telekeçiler, halk senetçileri, ýaş dizaýnerler tarapyndan ýüpekden we ýüňden taýýarlanylan owadan gölli ajaýyp halylar, tebigatyň täsin görnüşleri şekillendirilen bezeg palaslary, häzirki zaman haly, bezeg we keşdeçilik önümleri, matalar, şaý-sepler, keramiki önümler, sowgatlyk harytlar görkezilýär.
Şu gezekki sergi giň mazmunly maksatnamasy bilen tapawutlanýar. Onuň çäklerinde «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabatda ilkinji gezek türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da, «Al Arabiya TV», «Al Dubai Arabiya TV», «Fashion TV» teleýaýlymlarynyň, «Vanity Fair», «Vogue», «Marie Claire Arabia», «Grazia», «Elle» žurnallarynyň, «Fashion Network» gazetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara moda görkezilişi guraldy.
Paýtagtymyzdaky “Toý mekany” merkezinde geçirilen çärede Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň, şeýle hem «Mähirli zenan», «Jennet tagty», «Mynasyp», «Nagyşly güzer», «Gölli», «Aina Sari», «Aýperi» modalar öýleriniň milli däpleri döwrebap biçüwler bilen utgaşdyryp taýýarlan lybaslary görkezildi.