Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilýän döwrebap moda görkezilişiniň ikinji güni myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Moda görkezilişi Wiwienne Westwood britan nyşanynyň ajaýyp ak lybaslarynyň toplumy bilen açyldy. Nepis ýeňiljek lybaslar toplumy her bir nusga aýratyn üýtgeşiklik berdi.
Soňra tomaşaçylar Claude Patrick toplumyndaky meşhur fransuz estrada sazlary we işewür gyzlaryň ýörgünli lybaslary bilen Monmartra ruhuna düşdüler. Lybaslaryň bu ugry nepis, özboluşly we häzirki zaman çözgütleri bilen ünsi özüne çekdi.
Italiýanyň Avaro Figlio Milano nyşanynyň sazlaşykly lybaslar toplumy sergä aýratyn röwüş berdi. Gara reňkiň agdyklyk edendigine garamazdan, lybaslar dizaýnerleriň ajaýyp ussatlygy bilen täze we döwrebap görünýärdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Miras» modalar öýi milli ýörelgelere we häzirki zaman modasyna görä taýýarlanan üýtgeşik täze lybaslar toplumyny hödürledi. Bu lybaslaryň döredilmegine zehinli dizaýnerler topary gatnaşdy.
Türkmen modasy işjeň ösýär. Bu bolsa halkara derejesinde ýurdumyza wekilçilik etmäge mümkinçilik berýär. 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Gündogar modasy hepdeliginde, şeýle hem Ýaponiýada we Gazagystanda geçirilen türkmen medeniýeti günlerinde «Miras» modalar öýüniň lybaslar toplumy görkezildi. Häzirki wagtda şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda meýilleşdirilýän «Turkmentextile Expo-2025» sergisine işjeň taýýarlyk görülýär.
Lybaslaryň görkezilişi bu çäre üçin ýörite döredilen «Nagyşly güzer» türkmen nyşanlarynyň toplumy bilen jemlendi. «Bahar älemgoşary» diýlip atlandyrylýan bu toplumda dürli reňkli we röwüşli lybaslar bar. Her lybasyň esasy aýratynlygy köýneklere özboluşly gözellik berýän milli el keşdesidir.
Moda nyşany öz işine 2020-nji ýylda başlady we eýýäm alyjylaryň ünsüni özüne çekdi. 2023-nji ýylda dizaýnerler Türkiýede geçirilen Fashion Week (modalar hepdeligine) gatnaşdylar. Oňa baranlary milli keşdeler bilen bezelen milli donlar we çabytlar haýran galdyrdy.