Ï Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Gyz kasamy» atly film surata düşürilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Gyz kasamy» atly film surata düşürilýär

view-icon 2199
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Gyz kasamy» atly film surata düşürilýär

«Gyz kasamy» atly täze çeper filmi surata düşürmek işleri uly depgin bilen alnyp barylýar.

Filmiň režissýory Sahysalyh Baýramow filme 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ýakynlaryna garaşan türkmen zenanlarynyň durmuşyndan hakyky wakalary ýordum edip aldy.

Filmde tylda edermen zähmet çeken zenanlar hakda gürrüň berilýär. Baş gahrymanyň prototipine öwrülen oba gyzy Hudaýberdiýewanyň ykbaly ýordumyň esasy edilip alnypdyr. Şol döwrüň ýagdaýyny we ruhuny bermek üçin surata düşüriji topar Kerkä, Saýada we Halaja baryp gördüler.

Filmiň aglaba böleginiň Lebap welaýatynda surata düşürilýändigi sebäpli, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri döredijilik işine gatnaşýarlar. Baş keşbi şol teatryň artisti Aýna Rozyýewa ýerine ýetirýär. Mundan başga-da, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem öz zehinini görkezmäge mümkinçilik aldylar.

Şu ýylyň maý aýynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp surata düşürilen filmiň ilkinji görkezilişi bolar.