Ï Gündogaryň iň hoşniýetli we iň söýgüli baýramy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gündogaryň iň hoşniýetli we iň söýgüli baýramy

view-icon 863
Gündogaryň iň hoşniýetli we iň söýgüli baýramy

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde Halkara Nowruz güni mynasybetli ilçihananyň işgärleriniň we myhmanlaryň – ýurdumyzyň ylym hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda dostlukly çäre geçirildi.

Ilçihananyň mejlisler zalynda iki tarapda – türkmen we eýranly el işleriniň önümleriniň sergileri goýlupdyr.

Eýran sergisiniň merkezinde bu baýramyň iň möhüm ýadygärlik sowgatlary – Nowruzyň gelmegini alamatlandyrýan «Haft Sin» – ýedi tabajyk bar. Her bir eýranly maşgalada şeýle gaplar bar, ýöne olary diňe şu baýramda çykarýarlar. Däp bolşy ýaly, tabajyklar ýakymly tagamlar taýýarlaýan zenanlaryň şekilleri bilen bezelipdir.

Onuň garşysyndaky sergide her welaýata mahsus tahýalaryň, özboluşly toýun küýzeleriň we beýleki zatlaryň arasynda syrçaly keramikadan ýasalan Türkmenistanyň kartasy aýratyn göze ilýär. Iki sergi hem türkmen we eýranly suratkeşleriň suratlary bilen gurşalypdyr.

Gadymy döwürlerden biziň döwrümize gelip ýeten Nowruz baýramyna bagyşlanan çäräni Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani açdy. Diplomat bu baýramyň Gündogarda döremeginiň kanunalaýyklygyny belläp geçdi. Ilçihananyň beýleki işgärleri öz çykyşlarynda Nowruzyň musulman ýurtlaryndaky ruhy gymmatlyklaryny nygtadylar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanan gününden bäri halkymyzyň arasynda ýylsaýyn artýan Nowruz baýramynyň abraýy barada gürrüň berdiler. Şunda Nowruz baýramynyň nusgawy şahyrlaryň döredijiligine täsirini öwrenýän filologlaryň ylmy işleriniň ähmiýeti uludyr. Bu baýramyň ýaýylmagyna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi we Döwlet çeperçilik akademiýasy uly goşant goşýarlar. Olar her ýyl Nowruz baýramy mynasybetli ýaş suratkeşleriň döredijilik sergilerini-bäsleşiklerini guraýarlar.

Nowruz baýramynyň myhmansöýerlik däplerine eýerip, çäre ilçihananyň işgärleri üçin myhmanlara hödürlenýän tagamlary taýýarlamak bilen jemlendi. Baýramyň myhmanlary we eýeleri dostanalykda Gündogaryň iň hoşniýetli we söýgüli baýramlarynyň biri hökmünde Nowruz baýramyny wasp etdiler.