Ï Atageldi Garýagdyýewiň konserti
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Atageldi Garýagdyýewiň konserti

view-icon 2428
Atageldi Garýagdyýewiň konserti
Atageldi Garýagdyýewiň konserti
Atageldi Garýagdyýewiň konserti
Atageldi Garýagdyýewiň konserti
Atageldi Garýagdyýewiň konserti
Atageldi Garýagdyýewiň konserti
camera-icon
Ýusup Türşekow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Tahyr Ataýewiň kamera orkestriniň sazandalyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti, wokal professory Atageldi Garýagdyýewiň konserti boldy.

Konsert Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlandy, şonuň üçin maksatnama milli hem daşary ýurt estrada we halk aýdymlaryny, şeýle hem instrumental sazy öz içine aldy.

Instrumental sazyny söýüjilere niýetlenen bu sazly agşam Nury Halmämmedowyň «Kerwen» atly hemmä belli eseri bilen başlandy, sazy orkestr ýerine ýetirdi. Bir ýurtdan başga bir ýurda ýol aşýan kerwençileriň ruhuny beýan edýän bu eser konsertiň halkara mowzugynyň başlangyjy boldy.

Atageldi Garýagdyýew çykyşyny Çary Nurymowyň «Näzlim uz maňa» aýdymy bilen başlady. Käbir opera we estrada eserlerinde onuň mahmal sesi dürli-dürli owaz bilen ýaňlanýar. Şol agşam ýerine ýetiren eserleriniň arasynda «Sorrento gaýdyp gel», «Saňa minnetdar» we «Mukam» ýaly aýdymlar bar.

Ýurdumyzyň «Altyn bariton» adyna mynasyp bolan artist ýerine ýetirýän eserlerinde romantizmi we çuňňur ruhy hasraty beýan etmegi başarýar. Muslim Magomaýewiň «Gök bakylyk» aýdymyny ýerine ýetiren mahaly, aýdymçynyň sesiniň owadanlygyna bendi bolan tomaşaçylar ýerlerinden turdular. Tomaşaçylaryň arasynda «Ýaşa, bagşy!» diýip, gygyrýan sesler eşidildi.

Konsert maksatnamasyna Daňatar Hydyrowyň birnäçe aýdymy-da girdi. Bu kompozitoryň belent ruhda ýaňlanýan şadyýan aýdymlary tomaşaçylaryň keýpini göterýärdi. Atageldi Garýagdyýewiň çykyşyny «Şadyýan gün» aýdymy bilen tamamlamagy ýöne ýere däldi. Gurbannazar Ezizowyň sözlerine, Daňatar Hydyrowyň sazyna ýazylan bu aýdym aýdymçynyň özüne çekijiligi we owadan sesi bilen utgaşyp, tomaşaçylaryň gözüne ýaş aýlandyrdy.

Kamera orkestri «Sensiz» we «Üsküdara» atly azerbaýjan hem türk halk sazlaryny-da ýerine ýetirdi. Wokal professory bilen orkestriň dirižýory aýdym-sazly agşamy dostlukly berk el gysyşmak bilen tamamlady.