Şu günler Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda şahyr Gurbannazar Ezizowyň hatyrasyna täze spektakl taýýarlanýar. «Gurbannazar Ezizow» atly sahna oýnuny doganlar Hydyr we Ylýas Amangeldiýewler ýazypdyrlar.
Eserlerine epigraf hökmünde «Men özümi aýamadym hiç ýerde» jümlesini aldylar. Şahyryň aýdan bu sözleri, başardygyndan köp zat etmäge çalşan ömrüniň beýanydy. Dramaturglar şahyryň maşgalasy we dostlary bilen ençeme ýyl dostana gatnaşykda bolupdylar. Şonuň üçin hem bu sahna oýny Gurbannazar Ezizowyň terjimehalyna kybap gelýär.
Şahyryň gyzy Ýazgül Ezizowa: – Biz goňşy ýaşaýardyk. Hydyr we Ylýas dagylar ýetginjekdiler, olar kakama halypa hökmünde garaýardylar. Ulalyp žurnalist bolansoňlar, kakam hakda köp makalalar çap etdiler. Makalalaryň biriniň terjimesi Nury Halmämmedow adyndaky her ýyl geçirilýän «Dutaryň owazy» festiwalynda serginiň gymmatlygyna öwrüldi.
Maşgalamyz dramaturglara we Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryň aktýorlaryna Gurbannazar Ezizow hakda spektakl goýýandyklary üçin hoşallygymyzy bildirýäris, ol türkmen tomaşaçylaryna gyzykly we peýdaly bolar.
Ýaş režissýor Mekan Jumabaýew şahyryň eserine esaslanyp, Gurbannazar Ezizow özüniň ir gitjekdigini duýupdy diýen netijä geldi we spektaklda birneme hyýaly zatlary girizdi – onda «Gijeki myhman» goşgusynyň gahrymany bar. Şahyryň ömrüniň soňky pursatynda juda gysga, ýöne seýrek duşýan röwşen ömrüniň pursatlary onuň gözüniň alnyndan geçýär – bu bolsa spektaklyň esasy edilip alnypdyr.
– «Gurbannazar Ezizow» alty sahna oýnunda şahyryň keşbini açyp görkezmek, näme üçin ýagşylyk etmäge howlugýandygyna we näme üçin özüni aýamandygyna düşünmek isledim – diýip, Mekan Jumabaýew gürrüň berýär. – Ähtimal, munuň sebäbi, ömrüniň gysga boljagyny we maşgalasy, adamlar üçin, özi üçin köp iş etmäge ýetişmelidigi bilen baglanyşyklydyr.
Ezizowyň poeziýasynyň we teatr oýunlarynyň muşdaklaryň spektaklyň ilkinji görkezilişine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyklaryny hem aýdalyň.