Ï Ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik duşuşyklary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýylyň şygaryna bagyşlanan döredijilik duşuşyklary

view-icon 3107

Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarynyň gatnaşmaklarynda türkmen döwletiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan oňlanylýan Bitaraplyk ýörelgesiniň, şanly ýylyň şygarynyň çuňňur mazmunyny özünde jemleýän dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Şeýle täsirli duşuşyklar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de Lebap welaýat häkimliginiň guramaklarynda ýurdumyzyň Gündogar sebitinde geçirildi. Ýazyjy-şahyrlardan, sahna ussatlaryndan, aýdymçy-sazandalardan ybarat toparyň Kerki etrap medeniýet merkezinde, Saýat etrabynyň Berkarar zaman obasynyň medeniýet öýünde, Lebap welaýat kitaphanasynda hem-de Çärjew etrabynyň Kölaryk oba medeniýet öýünde dürli kärde zähmet çekýän bagtyýar raýatlarymyzyň, ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Baky Bitaraplyk — parahatçylygyň binýady», «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň waspy», «Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly!» hem-de «Parahatçylyk — dillerimiziň senasy» at bilen geçiren döredijilik duşuşyklary täsirliligi we çuňňur mazmuny bilen tapawutlandy.

Çäreleriň dowamyndaky çykyşlarda döwletimiziň daşary syýasatynyň özenini düzýän, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuş ugurlary boýunça okgunly ösüşlerinde bitaraplyk ýörelgesiniň tutýan möhüm orny barada aýratyn nygtalyp geçildi. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip, yglan edilmegi Berkarar döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň bu guramanyň dünýä möçberinde alyp barýan sahawatly ýörelgesi bilen ajaýyp sazlaşygydyr, sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmeklige ägirt uly goşantdyr. Bu bolsa biziň asuda asmanymyzdyr, bagtyýar durmuşymyzdyr, ygtybarly geljegimizdir diýlip, çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi.

Çykyşlaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa iş sapary, bu ýerde öz işine başlan «Ekspo-2025» atly halkara sergisi, oňa gatnaşýan 160-a golaý döwletiň içinde ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň Milli gününiň bellenilmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaponiýa döwletiniň ýolbaşçylary we beýleki resmi wekilleri bilen bolan özara bähbitli söhbetdeşlikleri barada aýdylyp geçildi. Duşuşyklarda döredijilik işgärleriniň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň çuňňur bähbidinden ugur alýan mukaddes ýörelgeleri, döwletimiziň hemişelik Bitaraplygy, şanly ýylymyzyň şygary, bagtyýar zamanamyz barada okan goşgulary, sungat işgärleriniň eşretli zamanamyzy wasp edip aýdan aýdymlary söhbetdeşliklere gatnaşan ildeşlerimiziň ruhy dünýäsine nur çaýdy.

Ýokary ruhubelentlige, çuňňur watançylyk duýgusyna beslenip geçen aýdym-sazly döredijilik duşuşyklarynyň bütin dowanynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.