Ï Ýer we suw baýlyklaryny ulanmak boýunça toplumlaýyn meýilnamalary işläp düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýer we suw baýlyklaryny ulanmak boýunça toplumlaýyn meýilnamalary işläp düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 555
Ýer we suw baýlyklaryny ulanmak boýunça toplumlaýyn meýilnamalary işläp düzmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Bütindünýä ekologik gaznasynyň (BEG) goldawy bilen Daşoguz welaýatynda amaly maslahat geçirdi.

Bu maslahat «Köp bähbit gazanmak üçin, Aral deňzi sebitinde ýer baýlyklaryny we ýokary tebigy gymmatlykly ekologik ulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäginde ýola goýuldy. Onuň maksady gidromodul usulynda zolaklara bölmek we suwaryş tertibine esaslanýan ýer-suw baýlyklaryny ulanmak boýunça giňişleýin meýilnamalary düzmekdi.

Degişli ministrliklerdir müdirlikleriň işgärleri we raýat jemgyýetiniň wekilleri şora çydamly ekinleri ulanmak bilen, şorlaşan ýerleri täzeden ekerançylyga girizmegiň ykdysady taýdan bähbitli modellerini ara alyp maslahatlaşdylar we kanallaryň ýüzüne geomembran örtgi tutmak ýaly häzirki zaman suwaryş usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahata gatnaşanlar uzak möhletli durnuklylyk üçin suw çeşmelerini toplumlaýyn dolandyrmagyň ýörelgelerini ulanmak mümkinçiliklerine-de garadylar.