Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Sergi merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy. Onda dürli durmuş ýagdaýynda şekillendirilen, ýöne öz gözelligi we hoşgylyk tebigaty bilen adamlary begendirýän akhalteke atlaryna bagyşlanan 100-den gowrak surat tomaşaçylara hödürlendi.

Sergide taryhy mowzuklardan suratlar bar, olarda syratly bedew möhüm orny eýeleýär. Biziň döwrümize ýakyn bolan gündelik mowzuklardan-da eserler bar. Mysal üçin, Merdan Abdyrahmanowyň «Taý buşlugy» atly işinde bäş oglan bilen bir gyzjagaz ýaňy dünýä inen taýjagazyň we seýisiň daşyna üýşüpdir. Merdan täze doglan taýjagazy synlamakdan çagalaryň we seýisiň gözlerinde dörän mähir öwüşginlerini bermegiň hötdesinden gelipdir. Bu ýagdaý islese-islemese, tomaşaçylara-da geçýär.

Asman atlary mowzugynyň çözgüdine Mämmet Wepaýew üýtgeşik çemeleşipdir. Onuň «Arzuw» suratynda at ýok, ýöne eli ýalaňaç gylyçly atlyny şekillendirýän ýadygärligiň kölegesi bar. Çagalar toparyndan bir oglan, oýunjak atyň üstünde oturyp, gylyç ýerine agaç pyçagy ýokaryk galdyryp, atlynyň bolşuny gaýtalady. Çaga oýunlarynyň birini görkezýän bu suratda nesilleriň dowamlylygyna pelsepewi yşarat bar.

Bibi Nuryýewa «Bedew» suratynda aty dizaýner uslybynda görkezipdir. Ol aty dürli reňkler bilen reňkläpdir. Eýsem, suratkeş munuň bilen näme diýmek isledikä? Ähtimal, reňkleriň her biri bizi hemişe haýrana goýýan köp sanly tebigy häsiýetleriň biridir. Perhat Işangulyýew «Türkmen atlary» atly işinde bir topar aty nusgawy uslypda şekillendiripdir. Onuň işindäki sährada agyp-dönüp ýören atlar öz gözelligi bilen ülkämiziň tebigatyny bezeýär.

Begenç Mürzäýew «Dowamlylyk» atly işinde awçyny suratlandyrypdyr. Awçy uzak ýola çykmazdan ozal, çaý içmekçi bolan ýaly. Mürzäýew gahrymanyny at, laçyn, dutar, çörek we bir käse hoşboý ysly çaýyň gurşawynda görkezipdir. Suratkeş awçynyň özi üçin mukaddes zatlara bolan baglanyşygyny görkezip, “öňem şeýledi, ýene şeýle bolar” diýmek isläpdir.

Jeren Annamuhammedowanyň «Meleguş» atly suraty bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Jerene, kuwwatly aty suratlandyrmakda bir reňk ulanmak bilen, onuň ajaýyp gözelligini hasam nygtamak başardypdyr.

«Türkmen halkynyň buýsanjy» – Serdar Osmanow, Änew metjidiniň öňünde agşama çenli dowam eden baýramçylygy suratlandyrýan işini şeýle atnandyrypdyr. Türkmen halkynyň toý-baýramlarynda hemişe-de at çapylypdyr we şunda atlar halk baýramynyň baş gahrymanlary bolupdyrlar.

Sergi asman atlarynyň Ýer ýüzüne inip, türkmen nakgaşlarynyň suratlarynda mynasyp orun eýeländiklerini ýene bir gezek görkezdi.


