Ï Daşoguz welaýatynda «Behişdi bedewler – gözellik nusgasy» atly çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda «Behişdi bedewler – gözellik nusgasy» atly çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi

view-icon 1521
Daşoguz welaýatynda «Behişdi bedewler – gözellik nusgasy» atly çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Daşoguzda geçirilen täsirli çäreleriň biri-de «Behişdi bedewler – gözellik nusgasy» atly çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşik boldy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi we Daşoguz şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebi gurady.

Bäsleşige mekdebiň ýaş suratkeşleriniň çeken ýüzden gowrak suraty tabşyryldy. Olar dürli ugurlarda, dürli görnüşlerde we surat çekmegiň dürli usullarynda ýerine ýetirilipdir. Elbetde, okuwçylaryň ähli işleriniň merkezinde türkmen bedewiniň keşbi ýer alypdyr. Ähli suratlarda çagalaryň behişdi bedewlere bolan söýgüsi we guwanjy, ahalteke atlarynyň gözelligi we kuwwaty täsirli hem aýdyň beýan edilipdir.

Käbir suratlarda atlaryň uçup barýan ýaly okgunly çapyşy, çapyksuwarlaryň olara ussatlarça sazlaşykly erk edişi çeperlik we joşgun bilen beýan edilipdir. Ýaş nakgaşlaryň şunuň ýaly ajaýyp işlerine meşhur «Galkynyş» milli atüstündäki oýunlar toparynyň ussat çapyksuwarlarynyň ýakynda Daşoguzda eden çykyşlary uly täsir edene meňzeýär.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça, birinji ýerleri birinji synp okuwçysy B.Mämmedowa, ikinji synp okuwçysy H.Hudaýbergenowa, üçünji synp okuwçysy S.Batyrowa we dördünji synp okuwçysy Ş.Žasurbekowa dagy eýelediler. Synplarynda baýrakly ýerleri  alan okuwçylar hökmünde olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşan suratlaryň ählisi Daşoguz welaýat taryh we ülkäni öwreniş muzeýiniň eýwanynda açylan sergide goýuldy.