Tanymal heýkeltaraş, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Baýgeldi Annamedow Daşoguzda ýerleşýän muzeýe beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkelini sowgat etdi.
Heýkeltaraş bu işini nusgawy şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň öňüsyrasynda tamamlady, ol geçen ýyl paýtagtda sergide görkezilipdi. Taryhy äheňde ýasalan üç ölçegli heýkel akyldary täze goşgy setirleri hakynda oýlanýan şekilde beýan edýär.
Heýkeltaraşyň öz işini bu muzeýe bagyşlamagy tötänden däl bolsa gerek, çünki Magtymguly Pyragynyň goşgularyna aýdymlary hemişe ýurduň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň bagşylarynyň köpüsi hem ýerine ýetirýärler.
Welaýatyň dolandyryş merkezindäki bagşylar muzeýi sebitde aýdym-saz döredijiliginiň bir asyrdan gowrak ösüşini öz içine alýan we dessançy-bagşylaryň gadymy sungatynyň goralyp saklanmagyna we ýaýramagyna möhüm goşant goşýan özboluşly medeni edaradyr.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy Baýgeldi Annamedowyň döredijiligi häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň daşynda-da tanalýar. Onuň işlerinden, esasanam, çapyp barýan at üstünde ýaý atýan çapyksuwaryň ýa-da gaçyp barýan towşany yzarlaýan ýyrtyjy guşuň ganatlarynyň kakyşynyň hereketini gowy şekillendirilendigini aýratyn belläsim gelýär. Bu bolsa heýkeltaraşyň işlerine diňe bir durmuşylyk bermän, eýsem daş-töwerek bilenem sazlaşykly birleşýär.
Baýgeldi Annamedowyň işlerini welaýat muzeýine ozalam sowgat edendigini bellemek gerek.