Ï Türkmen ýaşlary Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli guralýan konsertde çykyş ederler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýaşlary Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli guralýan konsertde çykyş ederler

view-icon 3099
Türkmen ýaşlary Moskwada Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli guralýan konsertde çykyş ederler

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Moskwada ýaşlardan jemlenen 250 adamdan ybarat uly hor toparynda çykyş eder. Bu barada konserwatoriýada habar berdiler. 

9-njy maýda Beýik ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybelti Russiýa Federasiýanyň paýtagtynda GDA döwletleriniň medeniýet we sungat wekilleriniň gatnaşmagynda birnäçe konsert çykyşlary meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Belarusyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýerine ýetiriljek birleşen hor toparynyň çykyşy hem konsert meýilnamasynyň esasylarynyň biri bolup durýar. 

Häzirki günlerde bu konserte taýýarlyk işleri geçirilýär. Russiýa Federasiýanyň Gnesinler adyndaky sazçylyk akademiýasynda Azerbaýjan döwletinden gatnaşýan ýaşlar bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary “Священная война” (“Mukaddes uruş”), “Колокола” (“Jaňlar”) gimni we “День Победы” (“Ýeňiş güni”) ýaly eserleriň üstünde işleýärler. Taýýarlygy Gnesinler adyndaky sazçylyk akademiýasynyň rektory A.S.Ryžinskiý geçirýär.

Şeýle dabaraly çärelerde türkmen talyp ýaşlarynyň çykyş etmekleri, olaryň sahna medeniýetiniň ösmeginde uly täsiri bar.