Ï Türkmenistanly zenan nakgaşlar öz işlerini Daşkentde guralan sergä hödürlediler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly zenan nakgaşlar öz işlerini Daşkentde guralan sergä hödürlediler

view-icon 1113
Türkmenistanly zenan nakgaşlar öz işlerini Daşkentde guralan sergä hödürlediler

Özbegistanyň Şekillendiriş sungaty galereýasynda «Türki dünýäsiniň zenan suratkeşleri» atly halkara sergi guraldy.

Sergä Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan zehinli suratkeşler ýygnandylar. Sergide milli senetçilik sungatyndan başlap, häzirki zaman synaglaryna çenli dürli görnüşlerdäki we ugurlardaky her hili işler görkezilýär.

Halkara wekiller türkmen halkynyň milliligini we özboluşlylygyny çeper beýan edýän suratkeşler Gunça Goçmyradowanyň we Hatýja Amansähedowanyň eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy bolup işleýän bu nakgaşlar 2025-nji ýylyň 21-25-nji aprelinde Daşkentde geçirilen Daşky gurşawy goramak we «ýaşyl» ykdysadyýet ýylyna bagyşlanan Halkara milli şekillendiriş we amaly sungat festiwalyna gatnaşdylar.

Festiwalyň çäginde türkmen suratkeşleri Samarkandyň we Buharanyň taryhy ýadygärlikleri hem-de medeni mirasy bilen tanyşdylar, şeýle hem maslahata gatnaşyp, öz döredijiligi we Türkmenistanyň milli sungatynyň täsin aýratynlyklary barada gürrüňdeş boldular.

Türki halklaryň baý medeni mirasyny ýaýmak, halkara döredijilik alyş-çalşyny ösdürmek we ýaş zehinleri goldamak maksady bilen guralan bu festiwal ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.