Aşgabadyň medeniýet durmuşynda türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ünsüni özüne çekjek birnäçe gyzykly çäreler göz öňünde tutulan.
9-njy maýda sagat 19:00-da Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky kirişli saz gurallary orkestri Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konsertine çagyrýar. Bu çäre Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda bolar.
10-njy maýda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Rituals» tans taslamasynyň ilkinji görkezilişi bolar.
«Meňli» we «Akja ýar» tans toparlary, şeýle hem fransuz horeografy we italiýaly tansçy zenan tomaşaçylara özboluşly tanslary görkezerler. Taslama türkmen dessurlaryny, ýewropa horeografiki sungatyny we häzirki zaman sanly tehnologiýalaryny sazlaşykly utgaşdyrýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda:
10.05.2025 «Mukaddeslige tagzym» başlanýan wagty sagat 19:00-da;
11.05.2025 «Ependi ýa-da gülkünç goňşy» başlanýan wagty sagat 19:00-da.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda:
10.05.2025 «Sawçy hem sallahlar» başlanýan wagty sagat 19:00-da;
11.05.2025 «Talyp söýgüsi» başlanýan wagty sagat 19:00-da.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda :
10.05.2025 «Hak aşyklar» başlanýan wagty sagat 19:00-da;
11.05.2025 «Mähriban dideler» başlanýan wagty sagat 19:00-da.
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:
10.05.2025 «Доктор Айболит» başlanýan wagty sagat 12:00-da;
10.05.2025 «Чеховские водевили» başlanýan wagty sagat 19:00-da;
11.05.2025 «Бременские музыканты» başlanýan wagty sagat 11:00-da, 13:00-da;
11.05.2025 «Мадам» başlanýan wagty sagat 19:00-da.
Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda:
10.05.2025 «Janly heýkeller» başlanýan wagty sagat 19:00-da;
11.05.2025 «Arşyn mal alan» başlanýan wagty sagat 19:00-da.
Тürkmen döwlet gurjak teatrynda:
10.05.2025 «Balykçy we balyjak» başlanýan wagty sagat 17:00-da;
10.05.2025 «Aladdin» 19:00-da;
11.05.2025 «Baky rowaýat» başlanýan wagty sagat 12:00-da, 17:00-da;
11.05.2025 «Ýartygulak» başlanýan wagty sagat 19:00-da.